Kejebesi keşdeli (Mizemez miras)

5 Dekabr 2022
458

Bu waka geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda bolup geçipdi. Ol pursatlar ýadyma düşende, geçip giden ýyllaryň süýji ýatlamalarynyň goýnunda gulaçlaýaryn. Ýyllar näçe uzaklaşsa-da, barha şol süýji günlere golaýlaşýaryn. Dogduk depäm, bu dünýäde meniň üçin iň mähriban adamlar hakyndaky süýji ýatlamalary aňymda aýlap oturyşyma, Tumar gelnejemli ýaşan döwürlerimize bir pursatlyk dolanasym gelýär.

Syrdamdan uzyn boýly, saryýagyzdan merdemsi keşpli gelnejemiň, bir seretseň, ýylgyryp, birdenem, geplemän gamgyn dymyp oturmasy bir zatlary ýadyňa salýan ýaly bolýar. Onuň el işleriniň hemme görnüşlerinden başy çykýardy. Gapdalynda hemişe ik, ikbaşy, ýüň, dokma sapaklary bolardy. Güýz pasly gelende, erkek adamlar üçin agarçäkmen, türkmen halkynyň mukaddesligi hasaplanýan düýeýüň saçak dokardy. Ol ilki şol ýüňi küýzäniň içine salyp, agzyny demirgazyga bakdyryp goýýardy. Meniň sowallaryma: «Demirgazykdan gelýän şemal çygly bolýar, ýüňe gowy siňýär, onsoň düýe malynyň ýüňüni islegiňçe inçejik egrip bolýar» diýerdi. Ýüňi ýüpek ýaly ederdi, eden işi inçedi. «Eden işi nusgalyk» diýilýän zenandy.

Gözel BAÝNEPESOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Medeni usulyýet merkeziniň toý dabaralary boýunça hünärmeni.