Keşdeçilik sungaty – köňüllere nagyş salýar

6 Dekabr 2022
451

Türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren el işleriniň arasynda keşdeçilik iň kyn, şol bir wagtda iň inçe, nepis iş hasaplanylýar. Muňa garamazdan, ene-mamalarymyz gadym döwürler sap ýüpek ýüplükleri gyl ýaly, inçeden egrip, dürli tebigy reňklere boýap, keşde iňňesine sapyp, köýnekleriniň ýakalaryny, ýeňlerini, donlaryny, çabytlaryny, kürtelerini dürli nagyşlar bilen keşdeläpdirler. Şol keşdelerde tebigatyň gözellikleri aýratyn orny eýeläpdir. Uly zähmeti, ünslüligi, ýatkeşligi, erjelligi talap edýän keşdeçilik işi türkmen zenanlarynyň iňňe bilen döreden ajaýyp eserleridir diýsek öte geçmeris. Haýsydyr bir hysyrdyly, nepis iş edilende, halk arasynda «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýlen aýtgynyň aýdylmagy hem hut keşdeçilik sungaty bilen baglydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň milli sungatymyza, senedimize goýýan çäksiz sarpasy esasynda enelerimizden miras galan çeper el işleri döwrebap dowam etdirilýär. Halkara festiwallarynda, sergilerinde sergilenilýän, zenanlarymyzyň sülük barmaklarynyň astyndan çykýan nepis keşdeleriň, nagyşlaryň özboluşly gözelligi olary synlaýan her bir ynsanda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şeýlelikde, milli sungatymyz dünýä ýaýylýar. Munuň şeýledigine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinden gelip gowşan hoş habar şaýatlyk etdi. Bu şatlykly habarda şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň bu gurama tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilendigi baradaky göwünleri ganatlandyryjy sözler türkmen keşdeçilik sungatynyň dünýä dolýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Maýagül KÖMEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.