Depbe — ýag küýzesi

6 Dekabr 2022
340

Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri häzirki wagtda mirashana gymmatlyklaryna öwrülen küýzeleriň dürli görnüşlerini ulanyp gelipdirler. Olar türkmeniň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasyna süri-süri mallary bilen ýazlaga çykar ekenler. Ýazlag döwründe goýundyr-geçi süýdünden taýýarlan ýaglary küýzelere guýup, agzyny bekläp, birnäçe metr çuňlukda çägä gömüp goýupdyrlar. Çägäniň astynda duran küýzelerdäki ýag arassa saklanypdyr.

Depbe, golça ýaly ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanyp gelen küýzeleri dürli ululykda ýasalyp, olar diňe bir ýag däl-de, eýsem, gowurma, toşap ýaly önümleri saklamak üçin-de ulanylypdyr. Golçalaryň agzy giň, boýy pesräk bolansoň, olar ulanmaga has-da amatly bolupdyr. Şonuň üçin-de ir döwürde maşgalada hojalyk gaby bolup hyzmat eden golçalarda pederlerimiz duz hem saklapdyrlar. Ene-mamalarymyz ýazlag günleri taýýarlan saryýaglaryny golçalara guýup, daşyny suwap, bokurdagyna çenli ýere gömüp saklapdyrlar.

Gülbahar NURÝAGDYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.