Milli senedimiz — müdimi mirasymyz

30 Noýabr 2022
532

Türkmenler gadymy halk bolmak bilen, taryhda ösen medeniýete, baý mirasa eýe bolupdyrlar. Bilşimiz ýaly, Jeýhunyň ýakasynda ýerleşýän Amul şäheri hem geçmişde senetçiligiň ösen merkezleriniň biri hasaplanylypdyr. Amully demirçi ussalaryň ýasan iş gurallary dünýä bazarlarynda geçginli harytlar hökmünde ykrar edilipdir. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem anyk maglumatlar esasynda durlup geçilýär. Biz şu makalamyzda hojalykda giňden ulanylýan pyçaklaryň ýasalyş usullary we olaryň görnüşleri barada söhbet etmegi makul bildik.

Pyçaklar has gadymy gurallaryň biri hasaplanylýar. Daş asyry döwründen galan daş pyçaklaryň, takmynan, kyrk müň ýyl mundan ozal ýasalandygyny arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine esaslanmak bilen subut edýärler. 5 müň ýyl mundan ozal misden edilen pyçaklar ilkinji gezek metaldan ýasalan gurallar bolupdyr. Pyçak «tyg», «ýaglaw» we «sap» diýlip atlandyrylýan böleklerden emele gelendir. Pyçagyň tygy bir ýüzi inçelip gidýän ýiti, kesiji tarapy bolmak bilen, ol sapa birleşip gidýär. Pyçagyň ýüzi tygyň kesýän ýiti tarapydyr. Pyçaklaryň ýüzi gaýdanda ýa-da kütelende, çalgy daşyna çalmak ýa-da gyzdyryp ýençmek arkaly ýiteldilýär. Pyçagyň ýüzüne «Ýalman» hem diýlipdir. Pyçagyň arkasy onuň ýüzüniň garşysyndaky galyň, arka tarapdyr. Onuň arka tarapy tekiz ýa-da owadanlyk üçin eşekarka görnüşinde ýasalypdyr we hojalykda gant, nabat we şuňa meňzeş zatlary kakyp döwmek üçin hem ulanylypdyr.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň agzasy.