Nusgalyk eser

29 Noýabr 2022
382

Watanymyzyň Baýdagynyň belentden pasyrdap durşy ýaly, nesillere berilýän milli terbiýedäki watansöýüjilik hem belent ruha beslenmelidir. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýär. Şunuň ýaly ýokary ruhubelentlik bilen aýdylan pikirler şu ajaýyp döwrümiziň şygaryna, nesil terbiýesinde bolsa watançylyk duýgularynyň kämilleşmegine esas bolýan ýörelgä öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynda watansöýüjiligiň, milli terbiýäniň belent nusgalary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrülen gymmatly çeşmeleriň biridir. Bu neşir nesilleri milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Maýa KAKABAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.