Sazyň hem ömrüň sazlaşygy

1 Dekabr 2022
596

«Merwde ýazan saz eserlerimiň köpüsini men bary-ýogy 28 ýaşly dutarçy Bekmyrat Hallyýewden ýazyp aldym. Bekmyrat saz çalmaga iňňän ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ol diňlän sazyny çakganlyk bilen tutup alyp bilýär we ajaýyp ýerine ýetirijilik ukyby bar» diýip, belli sazşynas Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý «Türkmen sazy» atly kitabynda ýazýar.

«Görülmedik illerden, eşidilmedik gep çykar» diýlişi ýaly, öňräk maňa şeýle pursata gabat gelmek miýesser boldy. Şol gün Mary şäherini goltuklap oturan Mülkbagşy obasynda ýaşuly mugallym Nurmyrat aga we Bekmyrat dutarçynyň şägirdi Berdimyrat Allaberdiýew bilen ilkinji tanyşlygym boldy. Soň bir gün bolsa Berdimyrat agalara halypasy hakda gürrüň bermegini sorap ýörite bardym. Ol özara söhbetdeşlikde halypasy, ussat sazanda-dutarçy Bekmyrat Hallyýew hakda gyzykly gürrüňleri aýdyp berdi.

Annadurdy GURBANDURDYÝEW,
Sakarçäge etrabynyň Gorgangala geňeşliginiň ýaşaýjysy, mirasgär.