Keşde çeken elleriňe döneýin!

5 Dekabr 2022
625

«Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. «Türkmen keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky hoş habar ähli adamlar bilen birlikde, biz — zenanlaryň hem göwün guşuny Göge uçurdy. Çünki el işleri bilen meşgullanýan zenan üçin keşde çekmek inçeden iň bir lezzetli hünärleriň biri bolup, oňa zenanyň ýüreginiň söýgüsi, zehini, höwesi, yhlasy siňýär. Çünki «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýlip baha berilýän keşde çekmek sungaty sünnäligi, sabyrlylygy, irginsizligi... talap edýär. Oý-hyýallara berlip, arasynda-da hiňlenip keşde çekip oturan gelin-gyzlara gözüň düşende dünýäňi ýakymly duýgular gurşap alýar. Göz öňüňde döräp barýan gözellik seni maýyl edip, täsinlikler dünýäsine alyp gidýär.

Eli çeper zenanlarymyz ähli döwürde-de keşde çekmek bilen meşgullanypdyrlar. Gündiz öý işleri bilen gümra bolan bolsalar, gijelerine ýagly pelteli çyralaryň ýagtysyna keşde çekip, gaýma gaýapdyrlar. Edil şu günki günlerde hem şol döwürlerdäki ýaly, aýagyna sallançagyň bagyny ildirip, keşde çekip oturan zenanlara gözüň düşende olary iň bagtyýar zenanlar hasaplaýarsyň. Ol ajaýyp görnüş sungat eserlerine siňip, ýüreklerde ýakymly ýatlamalary oýarýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Aýnanyň keşbinde-de şeýle pursatlary synlamak bolýar. Sallançak, el keşde, hüwdi. Olar bir-biri bilen sazlaşyp, zenanyň durmuşyna özboluşly gözellik çaýýar. Çünki keşde çekmek bilen meşgullanýan wagty zenanyň dünýäsi gülleýär. Ol öz döreden gözelliginden lezzet alyp, başga adamlaram begendirjekdigine ynanýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».