Mil­li mi­ras — ru­hy baý­ly­gy­my­zyň çeş­me­si

4 Dekabr 2022
576

Türk­me­nis­tan me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de me­de­ni çä­re­ler, yl­my mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­k hem-de me­de­ni­ýet­le­riň köp­dür­lü­li­gi­ne hor­mat goý­mak bi­len, hal­ka­ra de­re­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy gol­da­ýar.

Ata Wa­ta­ny­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm bir­lik­le­ri bi­len bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lan Türk­me­nis­tan 1993-nji ýyl­dan bä­ri bu gu­ra­ma bi­len iş­jeň gat­na­şyk sak­lap gel­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, ýa­dy­gär­lik­le­ri, te­bi­ga­tyň, ýa­şaý­şyň gö­zel­lik­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ýur­du­myz hal­kyň me­de­ni we ru­hy baý­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek­de, go­ra­mak­da we dün­ýä ýaý­mak­da, ýaş ne­sil­le­riň me­de­ni mi­ra­sa hor­mat goý­mak duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­mek­de uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Ba­har ŞA­MÄM­ME­DO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.