Halypalaryň durmuşyndan

1 Dekabr 2022
584

1995-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti Ata Ablyýewlere bardym. Şonda halypa gyjakçy ýomut-gökleň ýolunyň ussady Çowdur bagşynyň belent adamkärçiligi, pespälligi barada halypamyz Pürli Saryýewden eşiden gürrüňlerini aýdyp berdi.

Günlerde bir gün Çowdur bagşy bilen Hanmämmet gyjakçy häzirki Magtymguly etrabyndan toýa diýip gaýdýarlar. Ol wagtlar näme, ýeňil ulag ýok, at bar, ýaby bar, hersi bir ata atlanyp ýola düşýärler. Ýolda Çowdur howa yssy bolansoň, Hanmämmet gyjakça: «Han jan, heý, ýürek sowadar ýaly ekin beýleki görnenokmy?» diýýär. Onda gyjakçy: «Ho-ol ýerde bir küme görünýär welin, içinde gymyldy bar ýaly» diýýär. Barsalar, ine, giden ekinlik, gawun-garpyz bol ekilipdir. Kümäniň içinden sakçysy çykyp, saglyk-amanlyk soraşýarlar. Öýe girip, myhmanlaryň hezzetini ýetirýär. Gawun-garpyz bilen teşneligini gandyrýarlar. Çaý-nahardan soň sakçy olaryň dutar-gyjagyny görüp: «Agalar, siz-ä bagşy ekeniňiz. Biz-ä daýhançylyk bilen toýa-tomga-da gatnaşyp bilemzok» diýýär. Sakçynyň «Aýdym aýdyp beriň» diýmese-de, aýdyma teşneligini duýan bagşy: «Inim, seniň paýyň aýrydyr. Hany, Han jan, al gyjagyňy» diýip, şol ýerde bäş-on aýdym aýdyp, sakçynyň göwnüni galkyndyrýarlar.

Arazdowlat DAWUDOWA,
Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň ýokary derejeli bagşy mugallymy.