Çöpür suwagy

29 Noýabr 2022
468

Çarwa obalarynda sütügi aýrylan geçi çöpürini suwag işinde saman ornuna ulanýandyklaryny eşitsem-de, ony saman tapylmadyk ýagdaýynda edýändirler diýip pikir edýärdim. Aslynda ol beýle däl ekeni. Bir gezek ýazyjy Ahmet Halmyradow biziň bilen gürrüňdeş bolanda heniz ýaş oglanka ejesiniň tamdyry çöpürli laý bilen suwanyna şaýat bolandygyny, munuň sebäbini soranda bolsa, çöpürli suwagyň samanly suwaga garanda, ömrüniň has uzak bolýandygyny aýdanyny ýatlady.

Çarwa obalarynda ak öýleriň tutuljak ýerlerini köplenç çöpürli suwag bilen suwapdyrlar. Şonda ak öýleriň düşeginiň asty kirşen toplamandyr. Düşege tozan siňmändir. Şeýle hem hünärmenleriň aýtmagyna görä, geçi çöpüriniň adam bedenine edýän bejerijilik täsiri düýe ýüňünden pes bolmandyr.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.