Köpugurly gadymy sungat

2 Dekabr 2022
541

Türkmen epiki eserleri asyrlaryň dowamynda döredilip, onda halkyň esasy durmuş pursatlary şöhlelendirilipdir. Halk il-gününi, Watany ýowuz duşmandan gorap, söweşlerde taýsyz edermenlik görkezen gahrymanlaryna bagyşlap rowaýatlar, kyssalar döredipdir. Wagtyň geçmegi bilen olaryň üsti ýetirilip, taraşlanyp, halk eposlaryna, dessanlaryna öwrülip gidipdir.

Aýdym türkmen dessançylyk sungatynyň özenidir. Gadymy eposyň ýordum hereketleri kyssa bölümlerinde beýan edilýän bolsa, aýdym-sazyň üsti bilen gahrymanlaryň içki duýgulary ýüze çykarylýar. «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gahrymançylykly eposlar türkmeniň milli guwanjy bolmak bilen, ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, myhmanparazlyk, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.

Berdimyrat ALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy.