Gazma dutar ýaňlananda

28 Noýabr 2022
446

Kalby aýdym-saza teşne, şahandaz türkmen halky dürli saz gurallaryny döredip, nesillerimize baý medeni mirasy galdyrypdyrlar. Olardan türkmen dutary halkymyzyň durmuşyna irki döwürlerde ornaşyp, ýüreklerde berk orun alandyr. Bu hakykata «Görogly» şadessanyny, «Nejep oglan», «Şasenem-Garyp», «Hüýrlukga-Hemra» ýaly gadymy dessanlary okanyňda-da göz ýetirýärsiň.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesi bolup, türkmen halkynyň milliligine dünýäde uly sarpa goýulýandygyny aňladýar.

Ýazgül ANNAÝEWA,
žurnalist.