"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

“Küren tutar gözel ili türkmeniň”

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Halkara derejesindäki ýokary guramaçylykly geçiriljek bu çäräniň dowamynda dürli medeni duşuşyklaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda ýadygärliginiň dikeldilmegi, edebi mirasynyň öwrenilmegi üçin hem uly tagallalar edilýär. Ynsan gözelligiň gözleginde. Gözelligi bolsa, görmek, duýmak gerek. Adam ogly mydama gözelligiň gözleginde. Ol ruhy dünýäsini tebigatyň gözellikleri, sungat eserleri bilen baýlaşdyryp durýar. Türkmeniň beýik söz ussatlarynyň döreden ajaýyp eserleri ynsan kalbynyň gözellik çeşmesine öwrüldi. Bütindünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözelligiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri hut ynsanyň ýüreginiň töründe orun eýeleýär. Sebäbi şahyryň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem ba

Gadymy Änew: 2024-nji ýyl — Türki dünýäniň medeni paýtagty

«Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýen dana pederlerimiziň dünýäniň ösüşine, adamzat aňynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşandygy käbir taryhy maglumatlar arkaly bize mälimdir. Dogry, olaryň köpüsine wagt synagynda, asyrlaryň dowamynda ýüze çykan dürli taryhy hem-de tebigy ýagdaýlar öz täsirini ýetiripdir. Özbaşdak döwlet, garaşsyz ýurt bolanymyzdan soň, «taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň altyn ojagyna» dünýä taryhyny öwrenijiler gelip, türkmen alymlary bilen bilelikde ýerli ilatyň kömeginden peýdalanyp, gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler we birnäçe tapyndylary ýüze çykardylar. Şol tapyndylar esasynda, türkmen halkynyň gadymylygy, bu mukaddes toprakda dünýäniň ösen medeni ojaklarynyň bolandygy baradaky hakykatyň üsti ýetirildi. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri-de paýtagtymyzyň 12 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän, gadymy hem-de orta asyr syrlaryny goýnunda saklaýan Änew depeleri we onuň Seýit Jemaleddin metjididir. Geçen asyryň başynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan geology we arheology Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky toparyň ata Watanymyza bolan ikinji ekspedisiýasynyň netijesinde Merkezi Aziýanyň türkmen sebitinde gadymy ekerançylyk ojagynyň üsti açylyp, çig kerpiç bölekleriniň ýüzünde däneli ekinleriň, esasan hem kömre öwrülip giden bugdaý dänejikleriniň, onuň gabyklarynyň, gylçyklarynyň tapylmagy, Ýer ýüzüni ak bugdaýyň Watany bolan Änew medeniýet

Asylly käriň eýesi

Kakajan aganyň zähmet ýoly bilen tanşanyňda, pederlerimizden miras galan herbap diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu sözüň köp işi, käri başarýan diýen manysy bar. Kakajan Haldurdyýew hem artist, aýdymçy, mugallym, sazanda ýaly kärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan tejribeli halypadyr. Ýöne, onuň esasy örküniň baglanan ýeri Tejen etrap merkezinde ýerleşýän taryhy-ülkäni öwreniş muzeýidir. Medeniýete we sungata, ylma-bilime bolan höwes Kakajan Haldurdyýewi ilki Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynyň teatr bölümine, soňra, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat bölümine okuwa getiripdir. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlandan soň, ol Tejen etrap medeniýet öýüniň «Gülle, Tejen!» atly aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, aýdymçysy, Tejeniň halk teatrynda artist, mekdepde aýdym-saz mugallymy ýaly işlerde zähmet çekipdir. Şahandazlygy-da, megerem, şondan bolsa gerek. Ýetmiş ýaşy arka atan Kakajan aganyň saz çalyp, aýdym, goşgudyr gazal, dessandyr tymsal aýtmaly bolsa-da, taryhy ýadygärliklerdir ýer-ýurt atlary barada gürrüň etmeli bolsa-da, tüweleme, gory ýetik. Onsoň, milli mirasymyzyň hem-de medeniýetimiziň muşdagy bolan Kakajan agany diňe Tejende däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem köpler tanaýar. Käbir adamlar onuň adyny «Kakajan muzeýçi» diýip hem tutýar. Halypa «Otuz iki ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýän şu muz

Gadymy hem müdimi sungat

Ýurdumyzda halkymyzyň medeni mirasyny goramak, ony aýawly saklap, geljek nesillere ýetirmek, muzeý işini ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Bu işe Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Muzeýiň etnografiýa bölüminde halkymyzyň, aýratyn-da, kenarýaka türkmenleriň baý maddy we ruhy medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berýän gymmatlyklaryň ençemesi ýerleşdirilendir. Olaryň arasynda türkmen zenanlarynyň dokan halydyr haly-palas önümleri, dürli ölçegdäki owadan keçeler, zergärlerimiziň sünnäläp ýasan şaý-sepleri, milli egin-eşikler we beýleki hojalyk-durmuş esbaplary bar. Ähli zerur esbaplar bilen bezelen ak öý bolsa muzeýe gelýänleriň bada-bat ünsüni çekýär.

Ýylyň hümmeti — ýedilik

Dünýä tejribesinde hünärmenler ýylyň san belgilerini biri-birine goşmak arkaly umumy san belgisini alypdyrlar. Alnan san bolsa täze ýyl hakyndaky çaklamalary, tejribeleriň esasyndaky maglumatlary bir ýere jemleýär. Şeýle hasap boýunça 2023-nji ýylyň sany 7-likdir. Ýedilik dünýä halklarynyň durmuşynda kämillik, bolçulyk, bereketlilik, şowlulyk sanydyr. Bu sanyň şeýle many-mazmunda türkmen halkynyň däp-dessurlarynda hem aýratyn orna eýedigine degişli ençeme maglumatlar bar.

Türkmen milli saçagy - abadançylygyň we myhmansöýerligiň nyşany

Türkmen halkymyzyň milli tagamlary, beýleki halklaryň naz-nygmatlary ýaly, öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar, dürli-dürliligi we özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Biziň günlerimize ýetip gelen gadymy rowaýatlarda türkmen şalarynyň, harby serkerdeleriň bereketli saçaklaryň başynda öz ýeňişlerini belleýişleri, daşary ýurtly ilçileriň desterhanlardaky azyk önümleriniň köplügine haýran galyşlary, olaryň ähli adamlary sahylyk bilen tagam datmaga çagyryşlary hakynda örän köp aýdylýar. Adatça, üstünlik bilen tamamlanan möhüm işler, halk baýramçylygynyň dessurlary, maşgalanyň şanly wakalary we dabaralary hem saçak başynda giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby türkmen aşhanasynyň muşdaklarynyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmeniň datly tagamlary taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar, olar uzak ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, adamyň sagdynlygyna, iýmit siňdirijiligine, ýokumlylyga, ýakymlylyga, süýjülige gönükdirilendir. Kitap okyjylary diňe bir türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrman, eýsem, onuň taýýarlanyş usullaryny hem has aýdyňlaşdyrýar. Azyk-owkat diňe bir naharlanmak däl-de, medeni durmuşyň, özüňi alyp barmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we myhmansöýerligiň möhüm dessury bolupdyr. Häzirki döwürde guralýan milli aşhana bilen tanyşdyryş çäreleri daşary ýurtly syýahatçyl

Türkmen halysy - gadymy hem müdimi sungat

Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň günde

Ynsan durmuşynyň pelsepesi

Filosof Magtymguly ýaşap ýören ýerimiziň üç böleginiň suwdan, bir böleginiň toprakdan ybaratdygyny: Üç essesi däli derýa,Bir esse ýerde müň gowga —

Söz manysy

DOGABAGYNY SAÝLAMAK Aýlawlary baglap, uly şöhrat gazanan bedewleriň ýatda galyjy çapyşyklary hakynda gürrüň edenlerinde, atşynaslyga janköýer adamlaryň dilinden: «Pylanynyň aty dogabagyny saýlap geçdi», «Pylan bedew dogabagyny saýlady» ýaly gürrüňleri eşidýäris. Bu gürrüň güýji, ýyndamlygy biri-biriniňkä barabar bedewler babatda aýdylýar. Şeýle bedewleriň çapyşyklary özüniň dartgynlylygy we tomaşaçylaryň arasynda döreden şowhuny bilen uzak ýyllar köpleriň ýadynda galýar. Aslynda, dogabag göz degmezlik hem-de bezeg üçin atyň boýnuna dakylýan, 2-3 barmakdan inli bolmadyk alaja görnüşli boýunbag. Diýmek, bir bedewiň beýleki bir bedewden sähelçe saýlanyp öňe geçmegine, has takyk aýdanymyzda, dogabagynyň inliligi möçberinde saýlanmagyna «Dogabagyny saýlap geçdi» diýilýär.

On barmagynyň hünäri bilen adygan

Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Şeýle gözellikleri özünde jemleýän türkmeniň keşdeçilik sungaty eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar. Häzirki döwürde milli lybaslarymyzyň, kürtedir çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip nagyşlanyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýen aýtgysynyň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna mahsus näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenendir. El işlerine ussat gelin-gyzlarymyz keşdeçiligi sungat derejesine ýetiripdirler. Inçeligi, nepisligi hem-de her bir nagşyň bir-birinden zyýadalygy bilen tapawutlanýan bu sungaty ömrüniň ýoldaşy edinen Kiçigyz Ataýewa hem on barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň biridir. Onuň agzybir maşgalasyny Gökdepe etrabynda tanamaýan juda az bolsa gerek. Ol özüniň naýbaşy keşde işleri bilen diňe welaýatymyzda däl, eýsem, gözel paýtagtymyz Aşgabatda-da meşhurdyr. Kiçigyz gelnejäniň gaýan toý çabytlarydyr kürtelerini köpöwüşginli sapaklar bilen nepis bejerilişinden tanabermeli. 5 gyzyň we 2 ogluň ejesi, 24 agtygyň hem-de 10 sany çowlugyň enesi, döwletli maşgalanyň keýwanysy, sekizinji onlukdan gädip ugran ezber elli

Telpek — gymmatly miras

Telpekler halkymyzyň maddy medeniýetiniň naýbaşylarynyň biridir. Asyrlaryň dowamynda onuň asyl durky üýtgedilmän, şu günlere çenli saklanyp gelipdir. Halkymyzyň telpege bolan garaýşy hem-de hormaty juda uludyr. Onuň bilen baglanyşykly emele gelen dürli däp-dessurlar, düşünjeler, nakyllardyr atalar sözleri anyk mysal bolup biler. Telpek erkek kişileri sowukdan, yssydan goramakda uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Çarpaýa galşyna älem haýrana

Iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti netijesinde kemala gelen behişdi bedewlerimizi görkezmek bolar. Ahalteke bedewleriniň ilki dörän mekany Ahal topragy hasaplanylýar. Alymlar ir döwürlerde bu gözel mekanda bedew atlaryň eldekileşdirilendigini, olaryň taryhda «nusaý atlary», «ganatly bedewler», «asman atlary» diýlip atlandyrylandygyny ylmy esasda subut etdiler. Bu hakda biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodotyň işlerinde, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň tabşyrygy bilen ýazylan «Isgenderiň bedewnamasy» atly eserde, Parfiýa çeşmelerinde, oguz-orhon ýazgylarynda hem gymmatly maglumatlar bar.

Palas dokmaçylygy

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty köp görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Dokma sungatynyň ýene bir görnüşi kilim we palas dokmaçylygydyr. Ol dokmaçylygyň sada hem gadymy görnüşidir. Kilim kakmak, öýdäp nagyş salyp, palas dokamak däbi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr. Palaslar hem, halylar ýaly, esasan, düşek hökmünde ulanylýar. Türkmenistanyň çäklerinde ýüňden we beýleki ýüplüklerden dokalan kilimiň halydan tapawudy — ýüz tarapynyň çitimsiz, tekiz we gaty bolmagy hem-de üýtgeşik nagyşlar bilen bezelmegidir. Palaslar iki usulda, ýagny öýdeme we kakma usullarynda dokalýar. Palas we kilim dokalanda, ilki bilen, öýdelip nagyş salynýar, erşiň içinden geçen argaç bolsa nagşy emele getirýär. Şeýlelikde, palasyň ýüzi güberçek (relýef) görnüşde bolýar. Dokalyp duran ýagdaýynda düzüw ýüzi aşakda bolýar. Şonuň üçin hem ony dokamak uly ussatlygy talap edýär. Tekiz, ýagny nagyşsyz dokalan palas önümlerine “kakylyp dokalan kilim” hem diýilýär.

Milli oýunlar we nesil terbiýesi

Ata-babalarymyz nesil terbiýesini sungat derejesine ýetirip, çaganyň ýaşyna görä terbiýeçilik işiniň usullaryny kemala getiripdirler. Beden we ruhy taýdan sagdyn, lebzihalal, edep-ekramly, ýagşy gylyk-häsiýetli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin perzendi terbiýelemäge mümkin boldugyça ir girişmelidir. Halkymyzda çaga doglanyndan onuň beden we aň taýdan ösüşine uly üns berlipdir. Kiçilikden çaganyň hereket işjeňligini artdyrmak, aňyny ösdürmek maksady bilen hereketli oýunlaryň ençemesi döredilipdir. Hereketli milli oýunlar beden sagdynlygy üçin ähmiýetlidir. Olar sportuň özboluşly görnüşidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.

«Alkyşy köp alsaň...»

Halkymyzyň taryha beren beýik-beýik şahsyýetleri ýüzugra sanardan kändir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem şolaryň arasynda öz mynasyp orny bar. XVIII asyr türkmen edebiýatynda we ondan soňky döwürlerde şahyryň goşgularyna goýulýan sarpanyň ähmiýeti barha ýokarlanýar we gerimi giňeýär. Goşgularynda nesilleriň hor bolmazlygy üçin berkarar döwletiň derwaýyslygyny arzuwlan Pyragynyň köňül islegleriniň wysal tapan döwründe onuň mertebesi has-da beýgeldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän täsin taryhy-medeni mirasyny hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryny gorap saklamak, içgin öwrenmek, olary halkara giňişlikde wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi buýsançly wakadyr.

Içi gorly içmek

Gadymy senetkär halkymyzda içmek diňe bir egne geýilýän ýyly geýim bolman, eýsem, ol milli mirasymyz hasaplanylýar. Içmegi erkek kişiler, köplenç, ýaşuly adamlar geýýär. Içmegiň silkme içmek, deri içmek we bagana içmek diýen üç görnüşi bolýar. Içmek gyşyň örküjinde bedeni gyzgyn saklap, tomsuň yssysyny eçilýär. Şonuň üçinem içmek geýýän garry-ýaş öz saglygyny birsydyrgyn saklaýar. Silkme içmek. Beýle içmegi taýýarlamak üçin ösgün tüýli goýunlaryň derisi saýlanyp alynýar. Tokly derisiniň 20 töwereginden, goýun bolsa 10-12-sinden, has uly deri bolsa sekizisinden bir silkme içmek çykýar. Ony taýýarlamak üçin ilki deri 4-5 sagat duza ýatyrylyp, soňra güneşde guradylýar. Ondan soň arpa uny, zäk we turşan çal goşulyp, goýy ergin emele gelensoň, ony deriniň iç ýüzüne çalyp, sekiz günläp eýlenilýär. Deri guransoň, daş bilen sürtülip, galan ýaglary we etleri aýrylýar. Şundan soň deri agarýar we naryň gabygyna boýalýar. Boýalan deri ýene üç gün goýlup, guradylyp, eýlenýär. Silkme içmekler maşgala bolup tikilende, hepdede 2-3 içmek tikip bolýar.

Bir dutaryň taryhy

Dutar — halkymyzyň bagry badaşan saz senedi. Bagşy-sazandalarymyz bolsa aýdym-sazlarymyzyň, edebi mirasymyzyň ajaýyp nusgalaryny soňky nesillere geçirijilerdir. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Saýat etrabynyň Lebaby obasyndaky öňki 7-nji ýediýyllyk mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, il arasynda adygyp başlan bagşy Ýazmyrat Nurjykowyň gara gazmasyny ýany bilen äkidip, söweş meýdanynda esgerleri ruhlandyryşy baradaky gürrüňler halkymyzyň hakydasynda ýaşaýar. Ýazmyrat Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Talhatanbaba obasynda dogulýar. Ýörite orta okuw mekdebini tamamlandan soň, ony biziň etrabymyza işe ýollaýarlar. Oba adamlary oňa bagşy hökmünde toý-tomaşalarda törden orun berýärler. Halypa gören ýigidiň şabram kakuwlary, şirin owaz alşy, ýakymly sesi köpçüligiň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Milli miras – halkyň hazynasy

Geçmişde halkymyzyň baý medeni mirasy bolupdyr. Türkmen halky öz medeniýetini dowamly ösdürip, dünýä ösüşine saldamly goşant goşupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli medeniýetini, baý mirasyny, gaýtalanmajak gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny öwrenmekde we kämilleşdirmekde ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Gadymy mirasymyzy öwrenmek, ony baýlaşdyrmak, täzeden dikeltmek we halka ýetirmek işleriniň bolsa örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bar. Amyderýa jülgesinde ilat gadymdan bäri yzygiderli oturymlaşypdyr. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Saýat etrabynyň çäginde 50-den gowrak gala, taryhy ýadygärlik bar. Şolardan Hoja Idat, Gutnam we Çişleň, Soltanýaz beg, Akgala, Hoja Gunduz ýaly galalar gadymy ýadygärliklere degişli. Şol ýadygärlikler barada taryhy maglumatlary toplap, ýaşlara ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyz bolup durýar.

Tanslar durmuşy «sözleýär»

Türkmen tanslarynda özboluşly milli ýörelgeler biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Pederlerimiz irki döwürlerde tans arkaly içki pikirlerini beýan edipdirler. Akademik B.A.Gordlewskiý öz saýlanan eserlerinde seljuklar döwründe nagara, arfa, surnaý, naý, deprek ýaly saz gurallaryny çalan sazandalaryň sazlaryna dürli tanslary ýerine ýetiren tansçy ýigitleriň we gyzlaryň bolandyklary hakynda belleýär. Edebi çeşmelerde ýatlanylyşyna görä, Gündogaryň akyldary Bahaweddin Nagyşbendi goşgulary, gazallary labyzly okap, gollaryny giň ýazyp, asman tansyny ýerine ýetiripdir. Meşhur şahyr Jelaleddin Rumy öz şägirtleri bilen sema tansyny kämilleşdiripdir.

Halypa hakda söhbet

Kyrk ýyl mundan ozal, ýagny, 1980-nji ýylda 10-njy synpda okaýarkam, türkmen edebiýaty dersinden iş we sözlük depderini tutupdyk. Şol depderiň gopan sahypalaryny bejerip, rejeläp, gözümiň göreji deý goraglap, şu çaka çenli saklap geldim. Çünki, şol depderimde türkmen dili we edebiýaty mugallymym, ussat hekaýaçymyz Amanny Ataýewiň galdyran gymmatly maslahatlarydyr sargytlary bar. Şol mahallar mekdebimizde drama gurnagy işläp oňa biologiýa mugallymy Seýitmuhammet Akyýew ýolbaşçylyk edýärdi. Men hem şol gurnagyň agzasydym. Biziň ýolbaşçymyz gurnagyň ýaşajyk artistlerini mekdepde we mekdepden daşary geçirilýän çärelere, her bir şanly senelerdir baýramçylyklara taýýarlamakda uly tagallalary edýärdi. Bu işde Amanny mugallymyň maslahaty bilen şol wagtky “Mydam taýýar” gazetinde çap edilýän gysgajyk sahnalardyr intermediýalardan peýdalanýardyk. Şonda Amanny halypa maňa Türkmenistanyň halk şahyry Ata Köpekmergeniň şorta sözleri esasynda pýesa ýazyp gelmegi tabşyrypdy. Men halypanyň aýdyşy ýaly etdim. Ýöne, bu meniň ilkinji synanyşygymdy. Halypa ony okap, şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Sahnajyk bolýar. Ýöne Ata Köpege degişli başga şorta sözlerden peýdalanyp, az-kem giňeltseň kem bolmazdy. Amanny Ataýew. 27.12.80 ýyl».