Gadymy hem müdimi sungat

24 Ýanwar 2023
499

Ýurdumyzda halkymyzyň medeni mirasyny goramak, ony aýawly saklap, geljek nesillere ýetirmek, muzeý işini ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Bu işe Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem öz saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Muzeýiň etnografiýa bölüminde halkymyzyň, aýratyn-da, kenarýaka türkmenleriň baý maddy we ruhy medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berýän gymmatlyklaryň ençemesi ýerleşdirilendir. Olaryň arasynda türkmen zenanlarynyň dokan halydyr haly-palas önümleri, dürli ölçegdäki owadan keçeler, zergärlerimiziň sünnäläp ýasan şaý-sepleri, milli egin-eşikler we beýleki hojalyk-durmuş esbaplary bar. Ähli zerur esbaplar bilen bezelen ak öý bolsa muzeýe gelýänleriň bada-bat ünsüni çekýär.

Güljemal AŞYROWA,
Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.