Çarpaýa galşyna älem haýrana

16 Ýanwar 2023
832

Iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti netijesinde kemala gelen behişdi bedewlerimizi görkezmek bolar.

Ahalteke bedewleriniň ilki dörän mekany Ahal topragy hasaplanylýar. Alymlar ir döwürlerde bu gözel mekanda bedew atlaryň eldekileşdirilendigini, olaryň taryhda «nusaý atlary», «ganatly bedewler», «asman atlary» diýlip atlandyrylandygyny ylmy esasda subut etdiler. Bu hakda biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodotyň işlerinde, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň tabşyrygy bilen ýazylan «Isgenderiň bedewnamasy» atly eserde, Parfiýa çeşmelerinde, oguz-orhon ýazgylarynda hem gymmatly maglumatlar bar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.