Milli oýunlar we nesil terbiýesi

13 Ýanwar 2023
421

Ata-babalarymyz nesil terbiýesini sungat derejesine ýetirip, çaganyň ýaşyna görä terbiýeçilik işiniň usullaryny kemala getiripdirler. Beden we ruhy taýdan sagdyn, lebzihalal, edep-ekramly, ýagşy gylyk-häsiýetli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin perzendi terbiýelemäge mümkin boldugyça ir girişmelidir. Halkymyzda çaga doglanyndan onuň beden we aň taýdan ösüşine uly üns berlipdir. Kiçilikden çaganyň hereket işjeňligini artdyrmak, aňyny ösdürmek maksady bilen hereketli oýunlaryň ençemesi döredilipdir.

Hereketli milli oýunlar beden sagdynlygy üçin ähmiýetlidir. Olar sportuň özboluşly görnüşidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.

Amangözel AGAJANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.