Içi gorly içmek

12 Ýanwar 2023
697

Gadymy senetkär halkymyzda içmek diňe bir egne geýilýän ýyly geýim bolman, eýsem, ol milli mirasymyz hasaplanylýar. Içmegi erkek kişiler, köplenç, ýaşuly adamlar geýýär. Içmegiň silkme içmek, deri içmek we bagana içmek diýen üç görnüşi bolýar. Içmek gyşyň örküjinde bedeni gyzgyn saklap, tomsuň yssysyny eçilýär. Şonuň üçinem içmek geýýän garry-ýaş öz saglygyny birsydyrgyn saklaýar.

Silkme içmek. Beýle içmegi taýýarlamak üçin ösgün tüýli goýunlaryň derisi saýlanyp alynýar. Tokly derisiniň 20 töwereginden, goýun bolsa 10-12-sinden, has uly deri bolsa sekizisinden bir silkme içmek çykýar. Ony taýýarlamak üçin ilki deri 4-5 sagat duza ýatyrylyp, soňra güneşde guradylýar. Ondan soň arpa uny, zäk we turşan çal goşulyp, goýy ergin emele gelensoň, ony deriniň iç ýüzüne çalyp, sekiz günläp eýlenilýär. Deri guransoň, daş bilen sürtülip, galan ýaglary we etleri aýrylýar. Şundan soň deri agarýar we naryň gabygyna boýalýar. Boýalan deri ýene üç gün goýlup, guradylyp, eýlenýär. Silkme içmekler maşgala bolup tikilende, hepdede 2-3 içmek tikip bolýar.

Aýnur SEMETOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.