“Küren tutar gözel ili türkmeniň”

25 Ýanwar 2023
437

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Halkara derejesindäki ýokary guramaçylykly geçiriljek bu çäräniň dowamynda dürli medeni duşuşyklaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda ýadygärliginiň dikeldilmegi, edebi mirasynyň öwrenilmegi üçin hem uly tagallalar edilýär.

Ynsan gözelligiň gözleginde. Gözelligi bolsa, görmek, duýmak gerek. Adam ogly mydama gözelligiň gözleginde. Ol ruhy dünýäsini tebigatyň gözellikleri, sungat eserleri bilen baýlaşdyryp durýar. Türkmeniň beýik söz ussatlarynyň döreden ajaýyp eserleri ynsan kalbynyň gözellik çeşmesine öwrüldi. Bütindünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözelligiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri hut ynsanyň ýüreginiň töründe orun eýeleýär. Sebäbi şahyryň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden gözbaş alýar.