«Alkyşy köp alsaň...»

12 Ýanwar 2023
583

Halkymyzyň taryha beren beýik-beýik şahsyýetleri ýüzugra sanardan kändir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem şolaryň arasynda öz mynasyp orny bar. XVIII asyr türkmen edebiýatynda we ondan soňky döwürlerde şahyryň goşgularyna goýulýan sarpanyň ähmiýeti barha ýokarlanýar we gerimi giňeýär. Goşgularynda nesilleriň hor bolmazlygy üçin berkarar döwletiň derwaýyslygyny arzuwlan Pyragynyň köňül islegleriniň wysal tapan döwründe onuň mertebesi has-da beýgeldi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän täsin taryhy-medeni mirasyny hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryny gorap saklamak, içgin öwrenmek, olary halkara giňişlikde wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi buýsançly wakadyr.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
Bereket etrap bilim bölüminiň müdiri.