Halypa hakda söhbet

11 Ýanwar 2023
603

Kyrk ýyl mundan ozal, ýagny, 1980-nji ýylda 10-njy synpda okaýarkam, türkmen edebiýaty dersinden iş we sözlük depderini tutupdyk. Şol depderiň gopan sahypalaryny bejerip, rejeläp, gözümiň göreji deý goraglap, şu çaka çenli saklap geldim. Çünki, şol depderimde türkmen dili we edebiýaty mugallymym, ussat hekaýaçymyz Amanny Ataýewiň galdyran gymmatly maslahatlarydyr sargytlary bar.

Şol mahallar mekdebimizde drama gurnagy işläp oňa biologiýa mugallymy Seýitmuhammet Akyýew ýolbaşçylyk edýärdi. Men hem şol gurnagyň agzasydym. Biziň ýolbaşçymyz gurnagyň ýaşajyk artistlerini mekdepde we mekdepden daşary geçirilýän çärelere, her bir şanly senelerdir baýramçylyklara taýýarlamakda uly tagallalary edýärdi. Bu işde Amanny mugallymyň maslahaty bilen şol wagtky “Mydam taýýar” gazetinde çap edilýän gysgajyk sahnalardyr intermediýalardan peýdalanýardyk. Şonda Amanny halypa maňa Türkmenistanyň halk şahyry Ata Köpekmergeniň şorta sözleri esasynda pýesa ýazyp gelmegi tabşyrypdy. Men halypanyň aýdyşy ýaly etdim. Ýöne, bu meniň ilkinji synanyşygymdy. Halypa ony okap, şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Sahnajyk bolýar. Ýöne Ata Köpege degişli başga şorta sözlerden peýdalanyp, az-kem giňeltseň kem bolmazdy. Amanny Ataýew. 27.12.80 ýyl».