Gadymy Änew: 2024-nji ýyl — Türki dünýäniň medeni paýtagty

24 Ýanwar 2023
711

«Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýen dana pederlerimiziň dünýäniň ösüşine, adamzat aňynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşandygy käbir taryhy maglumatlar arkaly bize mälimdir. Dogry, olaryň köpüsine wagt synagynda, asyrlaryň dowamynda ýüze çykan dürli taryhy hem-de tebigy ýagdaýlar öz täsirini ýetiripdir. Özbaşdak döwlet, garaşsyz ýurt bolanymyzdan soň, «taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň altyn ojagyna» dünýä taryhyny öwrenijiler gelip, türkmen alymlary bilen bilelikde ýerli ilatyň kömeginden peýdalanyp, gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler we birnäçe tapyndylary ýüze çykardylar. Şol tapyndylar esasynda, türkmen halkynyň gadymylygy, bu mukaddes toprakda dünýäniň ösen medeni ojaklarynyň bolandygy baradaky hakykatyň üsti ýetirildi. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri-de paýtagtymyzyň 12 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän, gadymy hem-de orta asyr syrlaryny goýnunda saklaýan Änew depeleri we onuň Seýit Jemaleddin metjididir.

Geçen asyryň başynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan geology we arheology Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky toparyň ata Watanymyza bolan ikinji ekspedisiýasynyň netijesinde Merkezi Aziýanyň türkmen sebitinde gadymy ekerançylyk ojagynyň üsti açylyp, çig kerpiç bölekleriniň ýüzünde däneli ekinleriň, esasan hem kömre öwrülip giden bugdaý dänejikleriniň, onuň gabyklarynyň, gylçyklarynyň tapylmagy, Ýer ýüzüni ak bugdaýyň Watany bolan Änew medeniýeti bilen tanyşdyrdy. Dag magdanlaryny, minerallary öwreniji alymyň 1918-nji ýylda «Meniň ýatlamalarym» atly terjimehal görnüşli iki jiltden ybarat bolan kitaby neşir edildi. Olarda alymyň ylmy iş alyp baran ýerleriniň kartalary, ýerli halkyň medeni, durmuşy, tebigy ahwallary bilen tanyşlyk açyjy fotosuratlar-da ýerleşdirilipdir. Alym öz ýatlamalar kitabynda Änew depeleriniň birinde özünden 12 ýyl ozal rus generalynyň haýsydyr bir maksat bilen ýüzleý gazuw-agtaryş işini geçirendigini aýdýar. Şeýle-de ol arheologiki we etnografiki tapyndylara esaslanyp, ýerli halkyň bu sebitden göçenine ýarym asyra golaý wagt bolandygyny-da belleýär.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».