Ýylyň hümmeti — ýedilik

23 Ýanwar 2023
493

Dünýä tejribesinde hünärmenler ýylyň san belgilerini biri-birine goşmak arkaly umumy san belgisini alypdyrlar. Alnan san bolsa täze ýyl hakyndaky çaklamalary, tejribeleriň esasyndaky maglumatlary bir ýere jemleýär. Şeýle hasap boýunça 2023-nji ýylyň sany 7-likdir.

Ýedilik dünýä halklarynyň durmuşynda kämillik, bolçulyk, bereketlilik, şowlulyk sanydyr. Bu sanyň şeýle many-mazmunda türkmen halkynyň däp-dessurlarynda hem aýratyn orna eýedigine degişli ençeme maglumatlar bar.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.