Söz manysy

18 Ýanwar 2023
479

DOGABAGYNY SAÝLAMAK

Aýlawlary baglap, uly şöhrat gazanan bedewleriň ýatda galyjy çapyşyklary hakynda gürrüň edenlerinde, atşynaslyga janköýer adamlaryň dilinden: «Pylanynyň aty dogabagyny saýlap geçdi», «Pylan bedew dogabagyny saýlady» ýaly gürrüňleri eşidýäris. Bu gürrüň güýji, ýyndamlygy biri-biriniňkä barabar bedewler babatda aýdylýar. Şeýle bedewleriň çapyşyklary özüniň dartgynlylygy we tomaşaçylaryň arasynda döreden şowhuny bilen uzak ýyllar köpleriň ýadynda galýar. Aslynda, dogabag göz degmezlik hem-de bezeg üçin atyň boýnuna dakylýan, 2-3 barmakdan inli bolmadyk alaja görnüşli boýunbag. Diýmek, bir bedewiň beýleki bir bedewden sähelçe saýlanyp öňe geçmegine, has takyk aýdanymyzda, dogabagynyň inliligi möçberinde saýlanmagyna «Dogabagyny saýlap geçdi» diýilýär.

Annageldi BEKIÝEW.