Tanslar durmuşy «sözleýär»

11 Ýanwar 2023
990

Türkmen tanslarynda özboluşly milli ýörelgeler biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Pederlerimiz irki döwürlerde tans arkaly içki pikirlerini beýan edipdirler.

Akademik B.A.Gordlewskiý öz saýlanan eserlerinde seljuklar döwründe nagara, arfa, surnaý, naý, deprek ýaly saz gurallaryny çalan sazandalaryň sazlaryna dürli tanslary ýerine ýetiren tansçy ýigitleriň we gyzlaryň bolandyklary hakynda belleýär. Edebi çeşmelerde ýatlanylyşyna görä, Gündogaryň akyldary Bahaweddin Nagyşbendi goşgulary, gazallary labyzly okap, gollaryny giň ýazyp, asman tansyny ýerine ýetiripdir. Meşhur şahyr Jelaleddin Rumy öz şägirtleri bilen sema tansyny kämilleşdiripdir.

Şahnoza BARATOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.