Türkmen milli saçagy - abadançylygyň we myhmansöýerligiň nyşany

21 Ýanwar 2023
2276

Türkmen halkymyzyň milli tagamlary, beýleki halklaryň naz-nygmatlary ýaly, öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar, dürli-dürliligi we özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Biziň günlerimize ýetip gelen gadymy rowaýatlarda türkmen şalarynyň, harby serkerdeleriň bereketli saçaklaryň başynda öz ýeňişlerini belleýişleri, daşary ýurtly ilçileriň desterhanlardaky azyk önümleriniň köplügine haýran galyşlary, olaryň ähli adamlary sahylyk bilen tagam datmaga çagyryşlary hakynda örän köp aýdylýar. Adatça, üstünlik bilen tamamlanan möhüm işler, halk baýramçylygynyň dessurlary, maşgalanyň şanly wakalary we dabaralary hem saçak başynda giňden bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby türkmen aşhanasynyň muşdaklarynyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmeniň datly tagamlary taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar, olar uzak ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, adamyň sagdynlygyna, iýmit siňdirijiligine, ýokumlylyga, ýakymlylyga, süýjülige gönükdirilendir. Kitap okyjylary diňe bir türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrman, eýsem, onuň taýýarlanyş usullaryny hem has aýdyňlaşdyrýar. Azyk-owkat diňe bir naharlanmak däl-de, medeni durmuşyň, özüňi alyp barmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we myhmansöýerligiň möhüm dessury bolupdyr. Häzirki döwürde guralýan milli aşhana bilen tanyşdyryş çäreleri daşary ýurtly syýahatçylara türkmen halkynyň dünýäsine içgin aralaşmaga, biziň ýurdumyzyň medeniýeti barada has köp bilmäge, halkyň däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Dünýäniň ähli medeni ulgamlarynda bolşy ýaly, türkmen halkynyň aşhana däpleri biri-biri bilen baglanyşykly iki şertiň netijesidir. Olaryň biri ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşişi hem-de halkyň baý taryhydyr.