Asylly käriň eýesi

24 Ýanwar 2023
475

Kakajan aganyň zähmet ýoly bilen tanşanyňda, pederlerimizden miras galan herbap diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu sözüň köp işi, käri başarýan diýen manysy bar. Kakajan Haldurdyýew hem artist, aýdymçy, mugallym, sazanda ýaly kärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan tejribeli halypadyr. Ýöne, onuň esasy örküniň baglanan ýeri Tejen etrap merkezinde ýerleşýän taryhy-ülkäni öwreniş muzeýidir.

Medeniýete we sungata, ylma-bilime bolan höwes Kakajan Haldurdyýewi ilki Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynyň teatr bölümine, soňra, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat bölümine okuwa getiripdir. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlandan soň, ol Tejen etrap medeniýet öýüniň «Gülle, Tejen!» atly aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, aýdymçysy, Tejeniň halk teatrynda artist, mekdepde aýdym-saz mugallymy ýaly işlerde zähmet çekipdir. Şahandazlygy-da, megerem, şondan bolsa gerek. Ýetmiş ýaşy arka atan Kakajan aganyň saz çalyp, aýdym, goşgudyr gazal, dessandyr tymsal aýtmaly bolsa-da, taryhy ýadygärliklerdir ýer-ýurt atlary barada gürrüň etmeli bolsa-da, tüweleme, gory ýetik. Onsoň, milli mirasymyzyň hem-de medeniýetimiziň muşdagy bolan Kakajan agany diňe Tejende däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem köpler tanaýar. Käbir adamlar onuň adyny «Kakajan muzeýçi» diýip hem tutýar. Halypa «Otuz iki ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýän şu muzeýi ikinji öýüm hasap edýärin» diýip buýsanç bilen aýdýar.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».