"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ten­nis: sport­ly Türk­me­nis­ta­na be­lent ynam

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Eziz Döw­le­tow şol bir wag­tyň özün­de Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti­niň (ATF) orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­dy. Şeý­le­lik­de, ol mun­dan beý­läk yk­lym fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ryş bö­lü­min­de hem iş­läp baş­lar. Türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy üçin aý­ra­tyn mö­hüm wa­ka ATF-iň Taý­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da bo­lup geç­di.

Dohada gazanylan medallar

Dohada (Katar) agyr atletika boýunça II Gran-pri ýaryşy tamamlandy. Dünýäniň 96 ýurdundan iň güýçli agyr atletikaçylary bir ýere jemlän ýaryş türkmen türgenleriniň ajaýyp netijelerine beslendi. 67 kilogram agram derejesinde Bunýad Raşidow ştangany silterläp galdyrmakda 141 kilogram agyrlygy boýun egdirdi we bu görnüşden altyn medala eýe boldy. Türkmen türgeniniň üstünligi diňe bir altyn medal bilen çäklenmedi. Iki görnüşiň jemi boýunça 298 kilogram agyrlygy galdyrmagyň (silterläp –

Guwandyryjy üstünlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň iri merkezleriniň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de, şu ýylyň noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi.

Okuw-maslahat geçirildi

21-nji dekabrda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça baş tälimçi-mugallymlarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak hem-de okuw-türgenleşik sapaklarynyň maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça onlaýn görnüşde okuw-maslahat görnüşinde geçirildi. Okuw-maslahaty Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy J.Jumaýew açdy.

Ussatlaryň ýoly – görelde mekdebi

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça geljegine uly umyt bildirilýän türgenleriň biridir. Ol 2019-nji ýyldan bäri «Olimp» orta sport mekdebinde okaýar. Onuň tälimçisi P.Pirgulyýew bolup, Anamjan halypasyndan agyr atletikanyň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwrenýär. Bu bolsa ýaş türgeniň gatnaşýan her bir ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegine şert döredýär. Ýaş zehin «Olimp» orta sport mekdebinde kämillik ýoluna düşüp, ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş edip gelýär. Muňa mysal hökmünde 2022-nji ýylyň maýynda Gresiýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny görkezmek bolar. Ýaryşda «B» toparçada çykyş eden Anamjan 3-nji orna mynasyp bolýar. Şol ýylyň iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykýar. Agyr atletikaçy gyz bu ýaryşda 81 kilogram agram derejesinde üç kümüş medala mynasyp boldy. Has takygy, ol agyrlygy silterläp götermekde 88, itekläp götermekde 113, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 201 kilogram agyrlygyň hötdesinden geldi.

Bedenterbiýe we sport

Adaty karate – çagalaryň, ýetginjekleriň eý görýän sport görnüşleriniň biri. Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň bu ugry biziň sport mekdebimizde hem hereket edip, ýaş türgenler sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny ele alýarlar. Tälimçi-mugallym Döwlet Berdiýewiň ýolbaşçylygynda yhlasly türgenleşip, geçirilýän dürli derejeli ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş karateçilerimiz ýakynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň sport zalynda ýörite meýilnama esasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem üstünlikli çykyş etdiler. Şahsy katada Yhlas Annagurbanow, Goçmyrat Gurbanberdiýew, Nurgeldi Annagurbanow, Yslam Ulugbekow öz agramlarynda ýeňiji boldular. Kerim Allamyradow ikinji orny eýeledi. Toparlaýyn tutluşykda Ýagmyrmyrat Sähetmyradow bilen Kerim Amanow öňdäki orna mynasyp boldy.

Sportuň galkynýan zamanasy

Täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny subut edýän dürli çäreler ýylyň bütin dowamynda ýokary guramaçylykda dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki sport abraýy täze belentliklere göterildi. Munuň özüniň zamanamyzyň ajaýyp hakykatydygyna gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Merdana türgenlerimiziň dünýä birinjiliginde 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazanmaklary bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyny egsilmez buýsanja beslän üstünlik bolup dabaralandy.

Türk­men spor­tu­nyň tä­ze be­lent­lik­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny gün-gün­den be­len­de gal­dyr­makda, köp­çü­lik­le­ýin spor­ty ös­dür­mekde we ony hal­kyň gün­de­lik dur­mu­şy­na giň­den or­naş­dyr­makda, türk­men jem­gy­ýe­tin­de, yn­san ýa­şaý­şyn­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýän sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni iş­jeň wa­gyz et­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­ler bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler, şy­pa­ha­na­lar, spor­tuň döw­re­bap gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len sport des­ga­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li sport ýa­ryş­la­ry­ny üs­tün­lik­li gu­ra­ýan döw­let­le­riň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni, şo­ňa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­re dün­ýä ýü­zün­de örän uly ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Mu­ňa 2014-nji we 2018-nji ýyl­lar­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hem-de Ha­zar­ýa­ka döw­l

Gyzykly bäsleşikler

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň guramagynda dekabr aýynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. 8-9-njy dekabrda kiçi basketbol boýunça 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 9-njy sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli ýaryşda sport mekdebimiziň topary öňdeligi eýeledi. Topary ýaryşa tälimçi B. Atahanow taýýarlady. Şeýle hem 17-nji dekabrda gandbol boýunça 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly gyzlaryň arasynda hem mekdebimiziň açyk birinjiligi geçirildi. Bäsleşikde mekdebimiziň tälimçisi G. Narbaýewanyň topary şowly çykyş etdi. Şu ýerde basketbol boýunça 18 – 20-nji dekabr aralygynda Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda hem mekdebimiziň toparynyň 1-nji orny eýeländigini bellemek gerek. Şeýle hem 15-16-njy dekabr aralygynda agyr atletika boýunça paýtagtyň çempionaty geçirildi. Bäsleşikde mekdebimiziň tälimçileri M. Jannyýew, M. Kerimow dagy eminlik edip, ýaryşyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine ýardam berdi. Çempionatda mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler.

Futbol täzelikleri

«Arkadag» topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinalynda «Altyn Asyr» toparyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, finala çykmagy başardy. Topara ýeňiş getiren toplary Nazar Towakelow, Begmyrat Baýow, Begenç Akmämmedow hem-de Roman Galkin öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýeri gelende bellesek, ýarymfinalyň birinji duşuşygy hem «Arkadag» toparynyň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlanypdy (4:1).

Ýeňişli menziller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda welosiped sportunyň giňden wagyz edilmegi, sportuň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşine ilaty, esasan-da, ýaşlary höweslendirmek boýunça maksatnama-laýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi buýsandyryjydyr. Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda degişli Kararnama kabul edildi we şol çözgüt esasynda Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi bilen parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda bolsa BMG-niň

Sport mekdeplerinde

Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi sport ýaryşlarydyr dürli çäreleri yzygiderli geçirilip gelýär. Bu işleriň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralmagy bolsa olaryň has gyzykly, has şüweleňli geçmegine, köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Ýakynda şeýle ýaryşlaryň biri tamamlandy. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň TDP-niň etrap komiteti hem-de TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guran kiçi futbol bäsleşiginde edara-kärhanalaryň toparlary güýç synanyşdylar. Netijede sport mekdebiniň topary ýeňiji boldy. Bilim bölüminiň topary ikinji, «Elektroset» kärhanasynyň topary üçünji orunlary eýeledi.

Futbol dünýäsinde

Sten wan den Baýs atly belgiýaly futbolçy 1995-nji ýylda ýurduň milli çempionatynda «Jerminal Ekeren» bilen «Anderlehtiň» arasyndaky duşuşykda öz toparynyň derwezesinden 3 pökgi geçirýär. Şeýlelikde, garşydaşynyň derwezesine ýeke pökgi girizmese-de, «Anderleht» ony 3:2 hasabynda utupdyr. * * *

Sport we tehnologiýa

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden orun alan oýlap tapyşlaryň, tehnologiýalaryň birnäçesiniň bellige alnandygyny bellemek gerek. Şeýle tehnologiýalaryň biri hem emeli aň tarapyndan dolandyrylýan boks torbasy bolup durýar. Ol sportuň şu görnüşi boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen tehnologiýa bolup, emeli aňy, kompýuter görüşini peýdalanyp, türgeniň hereketlerini yzarlamaga we hakyky garşydaş hökmünde gaça durmak başarnygyna eýedir. Simulýator türgeniň derejesine uýgunlaşyp bilýär. Bu bolsa türgenleşigiň netijeliligini üpjün edýär. Boksçynyň zerur ugurlaryň ählisi boýunça kämilleşmegini üpjün edýär hem-de güýjüni ýazga geçirýär.

Saz astyndaky söweş sungaty

Sportuň taýboks görnüşiniň dörän ýeri bolan Tailandda ol «Muaý taý» diýlip hem atlandyrylýar we her ýylyň 17-nji marty Aziýa yklymynyň bu owadan ýurdunda muaý taý boýunça türgenleriň güni hökmünde uly baýramçylyga beslenýär. Bu baýramçylygyň döremeginiň sebäbi bolsa taýlaryň arasynda ady rowaýata öwrülen söweşiji Naý Khanom Tom bilen baglanyşyklydyr. Taýboksda garşydaşlaryň söweşe başlamazlaryndan öňürti köneden galan dessur esasynda ram muaý tansyny ýerine ýetirmekleri ony sportuň gaty köp görnüşinden tapawutlandyrýan aýratynlykdyr. Bu tans şol bir wagtyň özünde el-aýagyňy, biliňi ýazmagy, söweşe gysgaça taýýarlygy we öz başarnyklaryňy görkezmegi özünde jemleýär. Tans tamamlanandan soňra bolsa türgen öz halypasyna we mekdebine hoşallyk sözlerini aýdýar.

Baýramçylyk ruhuna beslendi

Täze ýylyň barha ýakynlaýan günlerinde geçirilýän her bir ýaryş aýratyn öwüşgine, baýramçylyk ruhuna beslenýär. Muny ýakynda tamamlanan dzýudo boýunça bäsleşigiň mysalynda hem doly göz ýetirdik. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäginde guralan bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp türgenleri güýç synanyşdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň sport desgasynda geçirilen ýaryşyň tutluşyklary çekeleşikli häsiýete eýe bolup, her agramda çykyş eden pälwanlar öz üstünlikleri bilen toparlaryna utuk getirmäge çalyşdylar. Netijede bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna has gowy başartdy. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdebimiziň topary öňdäki orny eýeledi.

Ýaşlar hakda alada

Halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadydyr. Çünki ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösmeginiň, Watanymyzyň ykdysady, intellektual kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde binýatlaýyn we nazary ylmy gözlegleriň özara arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär. Ýaş raýatlarymyzda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi artdyrmak ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän wajyp wezipeleriň biridir. Şu babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda-da häzirki döwürde ýaşlara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Taryhda şu gün

Professional boksuň ýarymagyr agram derejesiniň WBA (Naýbaşy), WBO hem-de IBF guramalarynyň çempionlyk guşaklaryna eýe bolan Kowalýow 2014-nji ýylda çempionlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirip, olarda ýeňiş gazanmagy başarýar. Ol ilki ABŞ-ly Sedrik Anýuny (mart aýynda), soňra awstraliýaly Bleýk Kaparellony (awgust aýynda), soňky duşuşygynda bolsa amerikaly Bernard Hopkinsi (noýabr aýynda) ýeňlişe sezewar edýär.

Täze üstünliklere badalga

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde täze öwüşgin bilen ösdürilýär. Şol syýasat hem dünýä we yklym çempionatlarynda, abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan taryhy üstünlikleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başarýan, Watanymyza şan getirmegiň hötdesinden gelýän türgenleriň täze nesliniň kemala gelmeginde diýseň uly ähmiýete eýedir. Noýabryň ahyrky günlerinde paýtagtymyzyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýýan Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan ajaýyp netijeleri bu hakykatyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Sport baýramçylygynda çykyş eden türgenlerimiziň ählisiniň — 15-siniň hem medallara eýe bolmagy milli sportumyzyň gelejegi bolan ýaş türgenlerimize buýsanjymyzy artdyrdy.

Welaýatlardan habarlar

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramy barha ýakynlaşýar. Ýaşyl arçaly, şadyýan Aýazbabadyr Garpamykly günler – çagalaryň hem arzuw edip ýeten günleri. Baýramy mynasyp garşylamak, tertip-düzgüni berjaý etmek, daş-töwerek hem saglyk üçin howply partlaýjy serişdeleri ulanmagyň öňüni almak TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň etrabyň polisiýa bölüminiň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilelikde guraýan wagyz-nesihat çäreleriniň özenini düzýär. Geçirilýän duşuşyklarda ýaşuly nesliň berýän öwüt-ündewleri ýetginjekler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.