Saz astyndaky söweş sungaty

22 Dekabr 2023
307

Sportuň taýboks görnüşiniň dörän ýeri bolan Tailandda ol «Muaý taý» diýlip hem atlandyrylýar we her ýylyň 17-nji marty Aziýa yklymynyň bu owadan ýurdunda muaý taý boýunça türgenleriň güni hökmünde uly baýramçylyga beslenýär. Bu baýramçylygyň döremeginiň sebäbi bolsa taýlaryň arasynda ady rowaýata öwrülen söweşiji Naý Khanom Tom bilen baglanyşyklydyr.

Taýboksda garşydaşlaryň söweşe başlamazlaryndan öňürti köneden galan dessur esasynda ram muaý tansyny ýerine ýetirmekleri ony sportuň gaty köp görnüşinden tapawutlandyrýan aýratynlykdyr. Bu tans şol bir wagtyň özünde el-aýagyňy, biliňi ýazmagy, söweşe gysgaça taýýarlygy we öz başarnyklaryňy görkezmegi özünde jemleýär. Tans tamamlanandan soňra bolsa türgen öz halypasyna we mekdebine hoşallyk sözlerini aýdýar.

Taýýarlan Kakamyrat KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.