Welaýatlardan habarlar

22 Dekabr 2023
230

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramy barha ýakynlaşýar. Ýaşyl arçaly, şadyýan Aýazbabadyr Garpamykly günler – çagalaryň hem arzuw edip ýeten günleri.

Baýramy mynasyp garşylamak, tertip-düzgüni berjaý etmek, daş-töwerek hem saglyk üçin howply partlaýjy serişdeleri ulanmagyň öňüni almak TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň etrabyň polisiýa bölüminiň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilelikde guraýan wagyz-nesihat çäreleriniň özenini düzýär. Geçirilýän duşuşyklarda ýaşuly nesliň berýän öwüt-ündewleri ýetginjekler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.