Täze üstünliklere badalga

22 Dekabr 2023
198

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde täze öwüşgin bilen ösdürilýär. Şol syýasat hem dünýä we yklym çempionatlarynda, abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan taryhy üstünlikleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başarýan, Watanymyza şan getirmegiň hötdesinden gelýän türgenleriň täze nesliniň kemala gelmeginde diýseň uly ähmiýete eýedir.

Noýabryň ahyrky günlerinde paýtagtymyzyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýýan Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan ajaýyp netijeleri bu hakykatyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Sport baýramçylygynda çykyş eden türgenlerimiziň ählisiniň — 15-siniň hem medallara eýe bolmagy milli sportumyzyň gelejegi bolan ýaş türgenlerimize buýsanjymyzy artdyrdy.

Täçmyrat HOJAMGULYÝEW,
TKA-nyň Milli merkeziniň tehniki gözegçisi.