Ýaşlar hakda alada

22 Dekabr 2023
216

Halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadydyr.

Çünki ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösmeginiň, Watanymyzyň ykdysady, intellektual kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde binýatlaýyn we nazary ylmy gözlegleriň özara arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär. Ýaş raýatlarymyzda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi artdyrmak ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän wajyp wezipeleriň biridir. Şu babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda-da häzirki döwürde ýaşlara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Aýlar GYLYÇDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.