Baýramçylyk ruhuna beslendi

22 Dekabr 2023
309

Täze ýylyň barha ýakynlaýan günlerinde geçirilýän her bir ýaryş aýratyn öwüşgine, baýramçylyk ruhuna beslenýär. Muny ýakynda tamamlanan dzýudo boýunça bäsleşigiň mysalynda hem doly göz ýetirdik. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäginde guralan bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp türgenleri güýç synanyşdylar.

Ýokary okuw mekdebimiziň sport desgasynda geçirilen ýaryşyň tutluşyklary çekeleşikli häsiýete eýe bolup, her agramda çykyş eden pälwanlar öz üstünlikleri bilen toparlaryna utuk getirmäge çalyşdylar. Netijede bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna has gowy başartdy. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdebimiziň topary öňdäki orny eýeledi.

Öwliýaguly MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.