Gyzykly bäsleşikler

23 Dekabr 2023
368

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň guramagynda dekabr aýynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. 8-9-njy dekabrda kiçi basketbol boýunça 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 9-njy sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

Çekeleşikli ýaryşda sport mekdebimiziň topary öňdeligi eýeledi. Topary ýaryşa tälimçi B. Atahanow taýýarlady. Şeýle hem 17-nji dekabrda gandbol boýunça 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly gyzlaryň arasynda hem mekdebimiziň açyk birinjiligi geçirildi. Bäsleşikde mekdebimiziň tälimçisi G. Narbaýewanyň topary şowly çykyş etdi. Şu ýerde basketbol boýunça 18 – 20-nji dekabr aralygynda Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda hem mekdebimiziň toparynyň 1-nji orny eýeländigini bellemek gerek. Şeýle hem 15-16-njy dekabr aralygynda agyr atletika boýunça paýtagtyň çempionaty geçirildi. Bäsleşikde mekdebimiziň tälimçileri M. Jannyýew, M. Kerimow dagy eminlik edip, ýaryşyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine ýardam berdi. Çempionatda mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.