Sport we tehnologiýa

22 Dekabr 2023
282

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden orun alan oýlap tapyşlaryň, tehnologiýalaryň birnäçesiniň bellige alnandygyny bellemek gerek. Şeýle tehnologiýalaryň biri hem emeli aň tarapyndan dolandyrylýan boks torbasy bolup durýar.

Ol sportuň şu görnüşi boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen tehnologiýa bolup, emeli aňy, kompýuter görüşini peýdalanyp, türgeniň hereketlerini yzarlamaga we hakyky garşydaş hökmünde gaça durmak başarnygyna eýedir. Simulýator türgeniň derejesine uýgunlaşyp bilýär. Bu bolsa türgenleşigiň netijeliligini üpjün edýär. Boksçynyň zerur ugurlaryň ählisi boýunça kämilleşmegini üpjün edýär hem-de güýjüni ýazga geçirýär.

Begençmyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.