Sportuň galkynýan zamanasy

23 Dekabr 2023
360

Täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny subut edýän dürli çäreler ýylyň bütin dowamynda ýokary guramaçylykda dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki sport abraýy täze belentliklere göterildi.

Munuň özüniň zamanamyzyň ajaýyp hakykatydygyna gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Merdana türgenlerimiziň dünýä birinjiliginde 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazanmaklary bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyny egsilmez buýsanja beslän üstünlik bolup dabaralandy.