Ussatlaryň ýoly – görelde mekdebi

23 Dekabr 2023
311

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça geljegine uly umyt bildirilýän türgenleriň biridir. Ol 2019-nji ýyldan bäri «Olimp» orta sport mekdebinde okaýar. Onuň tälimçisi P.Pirgulyýew bolup, Anamjan halypasyndan agyr atletikanyň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwrenýär. Bu bolsa ýaş türgeniň gatnaşýan her bir ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegine şert döredýär.

Ýaş zehin «Olimp» orta sport mekdebinde kämillik ýoluna düşüp, ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş edip gelýär. Muňa mysal hökmünde 2022-nji ýylyň maýynda Gresiýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny görkezmek bolar. Ýaryşda «B» toparçada çykyş eden Anamjan 3-nji orna mynasyp bolýar. Şol ýylyň iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykýar. Agyr atletikaçy gyz bu ýaryşda 81 kilogram agram derejesinde üç kümüş medala mynasyp boldy. Has takygy, ol agyrlygy silterläp götermekde 88, itekläp götermekde 113, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 201 kilogram agyrlygyň hötdesinden geldi.

Gurbanýaz HANGELDIÝEW,
«Olimp» orta sport mekdebiniň direktorynyň sport işleri boýunça orunbasary.