Futbol täzelikleri

23 Dekabr 2023
327

«Arkadag» topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinalynda «Altyn Asyr» toparyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, finala çykmagy başardy.

Topara ýeňiş getiren toplary Nazar Towakelow, Begmyrat Baýow, Begenç Akmämmedow hem-de Roman Galkin öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýeri gelende bellesek, ýarymfinalyň birinji duşuşygy hem «Arkadag» toparynyň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlanypdy (4:1).

Atabek BABAMYRADOW,
sport synçysy.