Guwandyryjy üstünlikler

23 Dekabr 2023
394

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň iri merkezleriniň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de, şu ýylyň noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi.

Begmyrat OJAROW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini guramak we utgaşdyryş guramasynyň baş hünärmeni.