Ýeňişli menziller

23 Dekabr 2023
344

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda welosiped sportunyň giňden wagyz edilmegi, sportuň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşine ilaty, esasan-da, ýaşlary höweslendirmek boýunça maksatnama-laýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi buýsandyryjydyr.

Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda degişli Kararnama kabul edildi we şol çözgüt esasynda Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi bilen parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda bolsa BMG-niň