Bedenterbiýe we sport

23 Dekabr 2023
383

Adaty karate – çagalaryň, ýetginjekleriň eý görýän sport görnüşleriniň biri. Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň bu ugry biziň sport mekdebimizde hem hereket edip, ýaş türgenler sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny ele alýarlar. Tälimçi-mugallym Döwlet Berdiýewiň ýolbaşçylygynda yhlasly türgenleşip, geçirilýän dürli derejeli ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Ýaş karateçilerimiz ýakynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň sport zalynda ýörite meýilnama esasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem üstünlikli çykyş etdiler. Şahsy katada Yhlas Annagurbanow, Goçmyrat Gurbanberdiýew, Nurgeldi Annagurbanow, Yslam Ulugbekow öz agramlarynda ýeňiji boldular. Kerim Allamyradow ikinji orny eýeledi. Toparlaýyn tutluşykda Ýagmyrmyrat Sähetmyradow bilen Kerim Amanow öňdäki orna mynasyp boldy.