Sport mekdeplerinde

23 Dekabr 2023
299

Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi sport ýaryşlarydyr dürli çäreleri yzygiderli geçirilip gelýär. Bu işleriň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralmagy bolsa olaryň has gyzykly, has şüweleňli geçmegine, köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna öz täsirini ýetirýär.

Ýakynda şeýle ýaryşlaryň biri tamamlandy. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň TDP-niň etrap komiteti hem-de TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guran kiçi futbol bäsleşiginde edara-kärhanalaryň toparlary güýç synanyşdylar. Netijede sport mekdebiniň topary ýeňiji boldy. Bilim bölüminiň topary ikinji, «Elektroset» kärhanasynyň topary üçünji orunlary eýeledi.