Türk­men spor­tu­nyň tä­ze be­lent­lik­le­ri

23 Dekabr 2023
362

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny gün-gün­den be­len­de gal­dyr­makda, köp­çü­lik­le­ýin spor­ty ös­dür­mekde we ony hal­kyň gün­de­lik dur­mu­şy­na giň­den or­naş­dyr­makda, türk­men jem­gy­ýe­tin­de, yn­san ýa­şaý­şyn­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýän sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni iş­jeň wa­gyz et­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­ler bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler, şy­pa­ha­na­lar, spor­tuň döw­re­bap gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len sport des­ga­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li sport ýa­ryş­la­ry­ny üs­tün­lik­li gu­ra­ýan döw­let­le­riň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni, şo­ňa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­re dün­ýä ýü­zün­de örän uly ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Mu­ňa 2014-nji we 2018-nji ýyl­lar­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hem-de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň me­de­ni-sport fes­ti­wal­la­ry­nyň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ra­lan «Ýü­pek ýo­ly-2009» ral­li­si­niň, 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň, 2018-nji ýyl­da «Amul-Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň, Agyr at­le­ti­ka hem-de ýa­kyn­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sa­par­dur­dy AL­TY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýo­ka­ry bi­lim­li usu­ly­ýet­çi­si.