Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Milli terbiýe mekdebi – kämilligiň gözbaşy

Türkmen halkymyzyň özboluşly milli terbiýe mekdebi bar. Sözbaşy edip saýlan jümlämiz hem terbiýe ýörelgämiziň esasy özenini düzýän taglymatlaryň biridir. Halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň dowamlylygy, millilige bolan söýgi-hormat hem hut şu nukdaýnazardan gözbaşly bolsa gerek. Çünki türkmençilikde ulyny sylamak, olaryň öwüt-pentleri bilen terbiýelenmek jemgyýetimizde esasy orny eýeleýär. Ulyny sylamak biziň her birimiziň ýörelgämize öwrülip, ene süýdi bilen aňymyza ornan mukaddeslikdir. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, ajaýyp döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýedir. Ýaşuly nesliň kämil terbiýesi kiçä sarpadan, hormatdan, olary sylamakdan başlanýar. Çünki terbiýede mylaýymlylyk, sypaýyçylyk ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyrmak bilen, ýaşululara bolan hormaty artdyrýar. Ýaşuly adamlar ýaşlara diňe bir şahsy görelde görkezmek, öwüt-nesihat bermek bilen çäklenmän, eýsem, olarda adamkärçilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly duýgulary hem terbiýelemelidirler. Şol duýgulary terbiýelemek üçin hem ýaşlara hormat goýmaly, olaryň pikirini diňlemeli, maslahatlaşmaly, edil uly adama sala salnyşy ýaly geňeşip, olaryň göwnüni tapmaga synanyşmaly.

Milli medeniýetiň sarpasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar—Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň, durmuşa geçirilýän işleriň her biri milletimiziň ruhy baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary uludan toýlanýan baýramçylyklary, şanly seneleri, dabaraly açylyşlary şowhunly aýdym-sazlary, gyzykly sahna oýunlary bilen bezäp, halkymyza ruhy baýlyk, uly joşgun paýlaýarlar. Gözelligi, ruhy keşbi bilen özboluşly dünýä öwrülen medeniýet we sungat halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz we sungatymyz gülläp ösüşlere beslenýär, türkmen aýdym-sazlary dünýä ýüzünde belentden ýaňlanýar. Sungata sarpaly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz Watanymyz medeniýetiň gülläp ösýän ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — «Ženmin Žibao» gazetiniň, «Sinhua» habarlar agentliginiň žurnalistleri bar. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilen döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Ynsanperwer ulgamdaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köpasyrlyk tejribä, baý däp-dessurlara eýe bolup, milletiň ösüşindäki ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine çuňňur düşünilmegine esaslanýar. Türkmenistanda we Hytaýda geçirilýän halkara festiwallara, ylmy maslahatlara, sergilere iki ýurduň döredijilik, medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagy işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Şahyryň terbiýeçilik garaýyşlary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň öwüt-ündew häsiýetli şygyrlarynda türkmen halkynyň terbiýeçilik ýörelgeleri wagyz edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda halal zähmete söýgini, hünär öwrenmäge höwesi döretmäge gönükdirilen pähim-paýhaslara yzygiderli duş gelmek bolýar. Magtymguly döredijiliginde durmuşyň manysy, maksady baradaky pikirlerini ynsanyň eden işleri, onuň özünden soňra goýan ýagşy ady bilen baglanyşdyrýar. Magtymguly zähmeti ýaşaýşyň hem-de döwletliligiň çeşmesi diýip hasap edipdir. Şahyryň pikiriçe, zähmet adamy kämilleşdirýär, onda ukyp-başarnygy, ugurtapyjylygy terbiýeleýär. Şahyr «Ýalydyr» atly şygrynda:

Ene diýmek dünýädir

Ene, zenan, gelin-gyzlar baradaky söhbetleriň çygry giň. Bu mähribanlar hakynda näçe buýsançly sözleri aýtsaň-da az ýaly duýulýar. Olar barlygyň manysy, durmuşyň ýaraşygy, ömürlerimiziň çyragydyr. Köňüllere hemdem bolup ýaşaýan şeýle zenanlaryň biri hem Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy Abadangözel Baýramowadyr. Etrabyň Babarap obasyndaky Medeniýet öýünde medeni çäreleriň guramaçysy bolup işleýän bu zenanyň medeni-köpçülikleýin işlere işjeň gatnaşyşy, dürli çärelerde guralýan kompozisiýalarda, sahna eserlerinde mähriban eneleriň keşbini ussatlyk bilen döredişi maňzyňa batýar. Ol teleýaýlym arkaly aýdymçylarymyz tarapyndan döredilýän dürli mazmunly şekilli aýdymlarda hem mährem eneleriň keşbini döredip, sungata muşdak köňülleriň töründe mynasyp orun alyp ýaşaýar. Biz golaýda bu mähiriban zenan bilen duşuşyp, onuň bilen ýürekdeş söhbet etdik. Gazetimiziň bu sanynda şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. — Abadangözel, ilki bilen, zähmet ýoluna başlaýşyňyz we maşgalaňyz hakynda gürrüň beräýseňiz.

Suratlar ýatlamalara atarýar

Suratçy taryhy ýazýar. Megerem, hak aýdylan sözlerdir. Belli bir döwrüň taryhyny şekile salyp duran mahaly suratçy bu barada, belki, oýlanýanam däldir. Ýöne aradan wagt ötýär. On, ýigrimi, otuz, kyrk, elli... ýyl geçýär. Ana, şonda hakykatdanam suratçynyň düşüren suratlarynyň taryhyň bir parçasyna öwrülýändigine göz ýetirýärsiň. Dogrusy, dura-bara suratçynyň özi-de taryhyň gatlaryna siňip gidýär. Alekber Güseýinow. Ol alçak hem polady ýumşak ýigitdi. Onuň ýaly ussat suratçylar Türkmenistanda barmak büküp sanaýmalydyr.

Sungatda yz goýan ägirt

Her bir käriň öz ussady, ägirdi bolýar. Öz adyň öňüne şu magtaýjy sözleri goşdurmak üçin ençe hupbatly zähmet, ukusyz gijeleriň azaby ýatyr. Şeýle-de tebigy zehinden daşgary zähmetden gaçmazlyk, hünäriňe bimöçber söýgi bolmaly. Kämillige ýetmek üçin tejribesi ýetik halypadan tälim almagyň hem zerurdygy düşnüklidir. Edebiýatda uly yz goýan ýazyjydyr şahyrlaryň hem halypa gol berip, kämillige ýetendigini durmuş görkezýär. Sungat äleminde uly yz goýan Magtymguly Garlyýew hem Çary bagşy (Çary çepbe), Gylyç bagşy ýaly halypalardan tälim alypdyr. Halk arasynda Çuwal bagşy ady bilen giňden tanalan Magtymguly Garlyýew 1889-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Onbegi obasynda doglupdyr. Ol ýaşlykdan aýdym-sazlary ürç edip öwrenipdir. Magtymguly Garlyýewiň ýakymly sesi, ýiti eli onuň soňra ussat bagşy bolmagyna uly täsirini ýetiripdir. Ol 1916-njy ýylda Daşoguz welaýatyna gidip bir ýyl ýaşapdyr. Soňra 1920-nji ýylda şol welaýatyň Ýylanly etrabynyň Arap obasyna göçüp barypdyr. Onuň göwni açyk, degişgen häsiýeti obadaşlary bilen tiz öwrenişdiripdir. Şol sebitiň bagşylary bilen duşuşyp, olar bilen ýygy aragatnaşyk saklapdyr. Şol döwrüň ökde bagşylary Jikge bagşynyň, Atabaý keliň aýdymlaryny öwrenip başlapdyr. Magtymguly halypa öwrenmegi hiç haçanam özüne peslik bilmändir. Bu bolsa onuň Nazar baga, Sapar süýrentgi, Öre şyh ýaly halypalar bilen tanyşmagyna getiripdir. Şol ussatlaryň ýan

Sazçylyk sapaklarynyň peýdasy

Çagalar baglarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna aýdym-saz sapaklarynyň girizilmegi tötänden däl. Saz pikirleniş ukybyňy ösdürmegiň iň oňat ýollarynyň biridir. Bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň birinde saz çalmagyň beýnä ýetirýän täsirini anyklamak maksady bilen, birinji synpa okuwa başlan çagalaryň 40-sy saýlanyp alnypdyr. Olaryň ýarysy sazçylyk sapaklaryna ýazylyp, hepdäniň dowamynda 2-3 sagat dürli saz gurallarynda saz çalmaga beýleki bölegi bolsa şonçarak wagty beden maşklaryny ýerine ýetirmäge sarp edipdir. Barlaglaryň netijesine görä, dil dersleri boýunça geçirilen synagda okuwçylaryň ählisi gowy netije görkezipdir. Emma saz çalmagy öwrenýän okuwçylar iň ýokary görkezijä eýe bolupdyr. Üç ýyldan soň şol okuwçylaryň beýnisiniň işjeňligini barlamak üçin geçirilen barlaglar hem sazçylyk bilen meşgullanýan çagalaryň beýnisiniň sesleri aýyl-saýyl etmäge jogap berýän böleginiň has ösendigini mälim edipdir.

Sahnada täze eser

Ýakynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Daş gyz» poemasy esasynda Kerim Atçapanowyň ýazan pýesasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Oňa ýaş, zehinli talyp Ybraýym Durdyýew režissýorlyk etdi. Sahnada beýan edilýän wakada jemaly hüýr-perileriň görkünden zyýada gyza aşyk bolan perişdäniň gahar-gazaby, şol gözeliň we ýaş heýkeltaraşyň kysmaty barada söz açylýar. Onda söýginiň, sungatyň gara daşa jan beriji jadylaýjy güýji hyýaly duýgularyň üsti bilen şahyrana wasp edilýär. Sahnadaky dartgynly pursatlar tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gidýär.

Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy

Düýn — 5-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri we sungaty söýüjiler gatnaşdy. Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäheriniň opera we tans drama teatrynyň döredijilik toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan dostlukly halklar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeni ulgamda-da, ýagny medeniýeti we sungaty ösdürmekde, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Halkara gatnaşyklarynda hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, dostlukly ýurtlarda Türkmenistanyň, eziz Diýarymyzda bolsa beýleki ýurtlaryň Medeniýet günleri geçirilýär.

Kitap okamak bagty

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024 Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ga­dy­my türk­men top­ra­gyny — eziz Wa­ta­ny­my­zy go­ra­mak asu­da za­ma­na­my­zyň mil­li ter­bi­ýe­si­niň hem esa­sy öze­ni­dir. Şol se­bäp­li hem mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň gö­zü­niň gö­re­ji, ba­şy­nyň tä­ji ha­sap­lap, jan­dan sö­ýen Di­ýa­ry­nyň mu­kad­des­li­gi­ni sak­la­mak, ony ne­sil­le­re ge­çir­mek ýa­ly asyl­ly däp­ler hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­z ta­ra­pyn­dan my­na­syp de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ýaş­lar­da zäh­me­te, eder­men­li­ge, gaý­duw­syz­ly­ga, sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent Wa­tan go­ra­gy­na bo­lan yh­las-hy­ju­wy art­dyr­mak ýa­ly we­zi­pe­le­re hem aý­ra­tyn orun ber­ýär. Bu gün­ki gün­de türk­men ýaş­la­ry­nyň ata Wa­ta­ny­my­za, ene top­ra­gy­my­za bo­lan ada­ty we sy­ýa­sy ga­raý­şy­ny çuň­laş­dyr­mak, ola­ryň ru­hy, be­den kä­mil­li­gi­ni ga­zan­mak iş­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Biz bu ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­ri hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by­nyň «Wa­tan go­ra­gy ynam­ly gol­lar­da» at­ly bö­lü­mi­niň dür­dä­ne sa­hy­pa­la­ryn­da be­ýan edil­ýän wa­ka­la­ry oka­ny­myz­da hem aý­dyň­ly­gy bi­len göz ýe­tir­ýä­ris. Bu ki­tap ýur­du­my­zy

Saz çal­ma­gyň sag­ly­ga tä­si­ri

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024 Türk­men top­ra­gy ze­hin­li­le­re baý­dyr, her bir maş­ga­la­nyň di­ýen ýa­ly öz ar­tist­le­ri­niň — aý­dym­çy­la­ry­nyň, sa­zan­da­la­ry­nyň ýa-da tans­çy­la­ry­nyň bar­dy­gy geň däl­dir. Ola­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni ös­dür­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri aç­mak ýaş ze­hin­le­riň ýa­kyn­la­ry­nyň, ola­ryň ter­bi­ýe­çi­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ry­nyň hem-de me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň we­zi­pe­si­dir, se­bä­bi mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi dö­re­di­ji adam­la­ryň yh­la­sy­na, döw­let ta­ra­pyn­dan ze­hin­li ça­ga­la­ryň ös­me­gi üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne esas­lan­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de saz çal­ma­gyň we diň­le­me­giň yn­san sag­ly­gy­na hem oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi luk­man­la­ryň yl­my bar­lag­la­ry esa­syn­da su­but edi­len dur­muş ha­ky­ka­ty­dyr. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­na na­zar aý­la­saň, gy­za­myk çy­kan ça­ga saz diň­le­di­len­di­gi, ene­le­riň hüw­dü­si­niň bol­sa ýa­kym­ly owaz bo­lup, her bir yn­sa­nyň gu­la­gyn­da ýaň­la­nyp dur­ýan­dy­gy aý­dym-sa­zyň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän­dir.

Gyz-gelinler edep-ekram mekdebi

Gojaman taryha ser salanyňda türkmen halkynyň gyz maşgalanyň edepli-ekramly, asylly bolmagy hakynda alada etmek bilen birnäçe kadalary işläp düzenligine göz ýetirmek bolýar. Ahlak gymmatlyklarynyň dünýäsinde ýaşaýan adamyñ hemişe ruhy belent bolmak bilen her bir işine höwes bilen ýapyşýar, yhlasly zähmet çekýär, durmuşda hemişe öz ornuny tapýar. Şonuň üçin-de türken gyzlarynyň jemgyýetçilik ahlak talaplaryny özleşdirmekleri üçin zerur bolan şertleriň maşgalada ene-ata tarapyndan ýola goýulmalydyr, terbiýeçilik işleriniň üsti bilen derwaýys meseleleri çözmek, gyzlary köptaraply ösüşlere ugrukdyrmak, kämilleşdirmek bilen geljekde özboluşly şahsyýetler derejesine ýetirmek, olaryň toplan durmuş tejribesini kämilleşdirmek esasy wezipe bolup durýar. Bu wezipeleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýaş oglandyr gyzlaryň durmuşda öz orunlaryny tapmagyna, il-ýurt bähbitli işlere özboluşly goşant goşmagyna giň mümkinçilik berýär. Adamyň ahlak taýdan kämilligi maşgaladan gözbaş alyp gaýtmak bilen, maşgalada ýola goýlan ýörelgeleriň esasynda birek-birek bilen ylalaşykly gatnaşyk etmek, şatlyklaryna goşulmak, mynasyp duýgulary kemala getirmek zerurdyr. Maşgalada gyzlara hormat goýmak, olary sylamak ahlak terbiýesiniň özenini düzýär. Türkmen jemgyýeti bu asylly ýörelgäni dowam etdirmelidir we kämilleşdirmelidir. Gyzlary asylly, akylly-başly edip terbiýelemekde esasy mesele

Ýüzi nurly, kalby sazly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly döredijilik adamlarynyň ylhamyna ylham goşýar. Akyldar şahyryň diwanyny gije-gündiz ýanyndan aýyrman, ondaky goşgulardan ylham alýan Mämmetsapar Toýlyýew hem şeýle adamlaryň biri. Çünki Magtymguly şahyrymyzyň ady bilen baglanyşykly ýylymyz ony täze-täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere atarýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bäş bölümden ybarat bolan «Pyragynyň köňül yşky» diýen romanslar toplumyny döreden kompozitor mydama döredijiligiň dünýäsinde ýaşaýar. Gyzykly gürrüňdeşliklerde gijäniň ýary oýanyp, şahyryň goşgularyny okap, owazlar dünýäsine gark bolýandygyny aýdyp berýär. Onuň «Beýik Pyragy hem Gahryman Arkadagym» diýen hor üçin döreden eseri uly sahnalarda ýaňlanýar. Ussat halypanyň geçen ýylda, fagot we simfoniki orkestr üçin ýazan «Magtymguly Pyragy» atly üç bölümden ybarat konserti bolsa saz älemine täze röwüş çaýdy. Döwrüň sesine ses goşup ýaşaýan, döredýän Mämmetsapar aga şu günler hem Magtymguly şahyryň sözlerine täze simfoniýalaryň, romanslaryň, şeýle hem «Aýa döndi» atly romansyň üstünde işleýär. Olaryň ussadyň öňki saz eserleri ýaly şowly çykjakdygyna ynanýarys. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň paýhasa ýugrulan goşgusyndan gözbaş alyp gaýdýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz her bir adamyň ýüregini joşa getirip, täze sungat eserleriniň döremegine ýol açýar. Iş otagymda, köplenç, ümsüm işläp oturmam

Sahnada «Daş gyz»

Ýakynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ybraýym Durdyýewiň Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Maral Durdyýewanyň halypalyk etmeginde sahnalaşdyran «Daş gyz» atly täze spektakly ilkinji gezek görkezildi. Spektaklyň edebi esasyny belli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň adybir poemasy esasynda şol institutyň talyby Kerim Atçapanow ýazypdyr. Sahna eserinde heýkeltaraşlyk sungatynyň jadyly güýji çeper beýan edilýär. Söýginiň gudraty barada söz açýan spektaklda Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow perişdäniň, talyplar Ybraýym Durdyýew heýkel ussasynyň, Çynar Garagulowa perizadyň, Guwanç Bäşimow gojanyň, Rahym Garagulow gojanyň ýaşlygynyň keşbini ýerine ýetirýärler. Spektaklyň tolgundyryjy wakalary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Sazanda mugallym

Sungatda köp ýyl zähmet çekip, birnäçe şägirtleri ýetişdiren adama «halypa» diýlip ýüzlenilýär. Meniň gürrüňini etjek sungat ussadym ömrüni mugallymçylyga bagyş eden zehinli sazanda, ussat mugallym Döwran Rejepow. Döwran bilen tanyşlygymyz 1982-nji ýylda Aşgabat şäherindäki ýörite çagalar sazçylyk mekdep-internatyna dutar hünärine okuwa girenimizde başlandy. Özüm ýaly ýedi-sekiz sany oglana ýaş zehinli dutarçy sazanda Annaseýit Annamyradow (meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň çowlugy) sapak berýärdi. Annaseýit mugallym örän talapkärdi, her gezek öýe berlen ýumşy ilik-düwme sorardy. «Yhlasy ilkinji günden etmeseňiz, sungat size başartmaz» diýip, öwran-öwran gaýtalardy. Döwran berlen sazlary mugallymyň diýen wagtyndan hem öň öwrenerdi. Ol sazy gowşak özleşdirýän ýoldaşlaryna-da kömek ederdi.

Medeniýet — dostluk köprüsi

Ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň, müňýyllyklaryň dowamynda uly ähmiýete eýe bolan öwrülişikleriň bolup geçen merkezleriniň biridir. Bulary güneşli Diýarymyzyň baý medeni mirasynyň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmak bilen, oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen sirkiniň galkynyşly ýoly

Golaýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet hakynda» we «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanmagy özgerişli ýollaryň dowamlylygyny aňladýan buýsançly habar bolup kalplara doldy. Sirk sungatynyň türkmen topragynda ýaşap ýörenine bir asyrdan gowrak wagt geçdi. Geçen asyryň başynda paýtagtymyzda neşir edilen «Ashabad» gazetiniň sahypalarynda sirk tomaşalary baradaky bildirişler peýda bolup ugraýar. Şol ýyllarda Ashabadyň Merw şaýoly (häzirki Magtymguly şaýoly) bilen Stawropol köçesiniň (häzirki B.Kerbabaýew köçesi) çatrygyndaky «Dobržanskaýanyň sirk-teatry» diýlip atlandyrylýan binada sirk tomaşalary görkezilipdir. Ýöne sirk tomaşasy diýilse-de, ol ýerde, köplenç, belli aýdymçylaryň konsertleri, sahna oýunlary tomaşaçylara hödürlenipdir. Hatda ol ýerde göreş ýaryşlary hem guralypdyr. Şol ýyllardan galan mahabat ýazgylary «Dobržanskaýanyň sirk-teatrynda» darbazlaryň, girdenekleriň, gimnastlaryň, žonglýorlaryň, hokgabazlaryň, dürli haýwanlaryň çykyşlarynyň hem görkezilendigini subut edýär.

Nesil terbiýesi – derwaýys mesele

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbiýe berlende, gaty seresaply çemeleşilmeli. Maşgalada çaga ahlak, ylmy, medeni gymmatlyklar öwredilip, ol durmuşa

Aýdymly ýüregiň owazy

Çyn pälwany pälwandan tapawutlandyrýan göreş meýdanydyr. Edil şolar ýaly, aýdym-saz älemi hem aýdymçydan aýdymçyny saýlaýan ýerdir. Häzirki bagtyýar zamanamyzda türkmen aýdym-saz sungaty has-da pajarlaýar. Täze zehinler ýüze çykarylýar. Il-güne çykyp, tanymal bolanlara Şa serpaýlar ýapylýar, hormatly atlar dakylýar. Şeýle aýdymçylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykowdyr. Gazetimiziň şu sanynda Döwlet AMANLYKOW bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.