Gyz-gelinler edep-ekram mekdebi

3 Fewral 2024
114

Gojaman taryha ser salanyňda türkmen halkynyň gyz maşgalanyň edepli-ekramly, asylly bolmagy hakynda alada etmek bilen birnäçe kadalary işläp düzenligine göz ýetirmek bolýar. Ahlak gymmatlyklarynyň dünýäsinde ýaşaýan adamyñ hemişe ruhy belent bolmak bilen her bir işine höwes bilen ýapyşýar, yhlasly zähmet çekýär, durmuşda hemişe öz ornuny tapýar. Şonuň üçin-de türken gyzlarynyň jemgyýetçilik ahlak talaplaryny özleşdirmekleri üçin zerur bolan şertleriň maşgalada ene-ata tarapyndan ýola goýulmalydyr, terbiýeçilik işleriniň üsti bilen derwaýys meseleleri çözmek, gyzlary köptaraply ösüşlere ugrukdyrmak, kämilleşdirmek bilen geljekde özboluşly şahsyýetler derejesine ýetirmek, olaryň toplan durmuş tejribesini kämilleşdirmek esasy wezipe bolup durýar. Bu wezipeleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýaş oglandyr gyzlaryň durmuşda öz orunlaryny tapmagyna, il-ýurt bähbitli işlere özboluşly goşant goşmagyna giň mümkinçilik berýär.

Adamyň ahlak taýdan kämilligi maşgaladan gözbaş alyp gaýtmak bilen, maşgalada ýola goýlan ýörelgeleriň esasynda birek-birek bilen ylalaşykly gatnaşyk etmek, şatlyklaryna goşulmak, mynasyp duýgulary kemala getirmek zerurdyr. Maşgalada gyzlara hormat goýmak, olary sylamak ahlak terbiýesiniň özenini düzýär. Türkmen jemgyýeti bu asylly ýörelgäni dowam etdirmelidir we kämilleşdirmelidir. Gyzlary asylly, akylly-başly edip terbiýelemekde esasy mesele enäniň görüm-göreldesine köp zat baglydyr. Şonuň üçin-de türkmenler: “Enesini gör-de gyzyny al, etegini gör-de bizini” diýip belläpdirler. Kemala gelýän gyzlara enäniň duýgy-düşünjesi, aýdýan sözleri, içki dünýäsi, özüni alyp baryşy durky bilen göreldä öwrülmelidir. Şeýlelikde dogry sözlilik, päk duýgular, ene bilen gyzyň ýürekdeşlik gatnaşyklary, özüňi dogry alyp baryş hereketleri maşgalada iň täsir ediji serişde bolup galýar. Häli-şindi hem gyz maşgalanyň asyllylygyny görkezýän ýedilikler hökmünde - päkizelik, sypaýylyk, utanç-haýalylyk, agraslyk, eli çeperlik, düşbülik, süýji zybanlylyk ýaly aýratynlyklar nygtalýar.

Dilaram GUZYÝEWA
Çärjew etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy