Sazanda mugallym

1 Fewral 2024
395

Sungatda köp ýyl zähmet çekip, birnäçe şägirtleri ýetişdiren adama «halypa» diýlip ýüzlenilýär. Meniň gürrüňini etjek sungat ussadym ömrüni mugallymçylyga bagyş eden zehinli sazanda, ussat mugallym Döwran Rejepow.

Döwran bilen tanyşlygymyz 1982-nji ýylda Aşgabat şäherindäki ýörite çagalar sazçylyk mekdep-internatyna dutar hünärine okuwa girenimizde başlandy. Özüm ýaly ýedi-sekiz sany oglana ýaş zehinli dutarçy sazanda Annaseýit Annamyradow (meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň çowlugy) sapak berýärdi. Annaseýit mugallym örän talapkärdi, her gezek öýe berlen ýumşy ilik-düwme sorardy. «Yhlasy ilkinji günden etmeseňiz, sungat size başartmaz» diýip, öwran-öwran gaýtalardy. Döwran berlen sazlary mugallymyň diýen wagtyndan hem öň öwrenerdi. Ol sazy gowşak özleşdirýän ýoldaşlaryna-da kömek ederdi.

Sapar SAPAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy işgäri.