Şahyryň terbiýeçilik garaýyşlary

6 Fewral 2024
372

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň öwüt-ündew häsiýetli şygyrlarynda türkmen halkynyň terbiýeçilik ýörelgeleri wagyz edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda halal zähmete söýgini, hünär öwrenmäge höwesi döretmäge gönükdirilen pähim-paýhaslara yzygiderli duş gelmek bolýar.

Magtymguly döredijiliginde durmuşyň manysy, maksady baradaky pikirlerini ynsanyň eden işleri, onuň özünden soňra goýan ýagşy ady bilen baglanyşdyrýar. Magtymguly zähmeti ýaşaýşyň hem-de döwletliligiň çeşmesi diýip hasap edipdir. Şahyryň pikiriçe, zähmet adamy kämilleşdirýär, onda ukyp-başarnygy, ugurtapyjylygy terbiýeleýär. Şahyr «Ýalydyr» atly şygrynda:

Şirin ORAZMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni.