Sungatda yz goýan ägirt

6 Fewral 2024
301

Her bir käriň öz ussady, ägirdi bolýar. Öz adyň öňüne şu magtaýjy sözleri goşdurmak üçin ençe hupbatly zähmet, ukusyz gijeleriň azaby ýatyr. Şeýle-de tebigy zehinden daşgary zähmetden gaçmazlyk, hünäriňe bimöçber söýgi bolmaly. Kämillige ýetmek üçin tejribesi ýetik halypadan tälim almagyň hem zerurdygy düşnüklidir. Edebiýatda uly yz goýan ýazyjydyr şahyrlaryň hem halypa gol berip, kämillige ýetendigini durmuş görkezýär. Sungat äleminde uly yz goýan Magtymguly Garlyýew hem Çary bagşy (Çary çepbe), Gylyç bagşy ýaly halypalardan tälim alypdyr.

Halk arasynda Çuwal bagşy ady bilen giňden tanalan Magtymguly Garlyýew 1889-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Onbegi obasynda doglupdyr. Ol ýaşlykdan aýdym-sazlary ürç edip öwrenipdir. Magtymguly Garlyýewiň ýakymly sesi, ýiti eli onuň soňra ussat bagşy bolmagyna uly täsirini ýetiripdir. Ol 1916-njy ýylda Daşoguz welaýatyna gidip bir ýyl ýaşapdyr. Soňra 1920-nji ýylda şol welaýatyň Ýylanly etrabynyň Arap obasyna göçüp barypdyr. Onuň göwni açyk, degişgen häsiýeti obadaşlary bilen tiz öwrenişdiripdir. Şol sebitiň bagşylary bilen duşuşyp, olar bilen ýygy aragatnaşyk saklapdyr. Şol döwrüň ökde bagşylary Jikge bagşynyň, Atabaý keliň aýdymlaryny öwrenip başlapdyr. Magtymguly halypa öwrenmegi hiç haçanam özüne peslik bilmändir. Bu bolsa onuň Nazar baga, Sapar süýrentgi, Öre şyh ýaly halypalar bilen tanyşmagyna getiripdir. Şol ussatlaryň ýanynda gyjak çalan Sapar Bekiýew bilen gatnaşygy soňy bilen has ýygjamlaşypdyr. Onuň bilen aýdym-saz heňlerini, dessan aýtmagyň özboluşlylygynyň inçe tärlerini bile işläp, toýlara çykyp başlapdyrlar. Magtymguly halypanyň Daşoguzda ýerli bagşylaryň aýdýan aýdymlaryny öwrenmekde, dessan aýtmagyň inçe tilsimlerini öwrenip ýeten şan-şöhratyna Sapar Bekiýewiň deň derejede şärikdigini aýtman geçmek bolmaz. Iki ussat bu abraýy bir jan, bir ten bolup gazanypdyrlar. Şonuň üçin olary biri-birinden aýra tutmak bolmaz.

Ýolaman NURYMOW,
Türkmenistanyň halk artisti, professor.