Milli terbiýe mekdebi – kämilligiň gözbaşy

7 Fewral 2024
238

Türkmen halkymyzyň özboluşly milli terbiýe mekdebi bar. Sözbaşy edip saýlan jümlämiz hem terbiýe ýörelgämiziň esasy özenini düzýän taglymatlaryň biridir. Halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň dowamlylygy, millilige bolan söýgi-hormat hem hut şu nukdaýnazardan gözbaşly bolsa gerek. Çünki türkmençilikde ulyny sylamak, olaryň öwüt-pentleri bilen terbiýelenmek jemgyýetimizde esasy orny eýeleýär. Ulyny sylamak biziň her birimiziň ýörelgämize öwrülip, ene süýdi bilen aňymyza ornan mukaddeslikdir. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, ajaýyp döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýedir.

Ýaşuly nesliň kämil terbiýesi kiçä sarpadan, hormatdan, olary sylamakdan başlanýar. Çünki terbiýede mylaýymlylyk, sypaýyçylyk ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyrmak bilen, ýaşululara bolan hormaty artdyrýar. Ýaşuly adamlar ýaşlara diňe bir şahsy görelde görkezmek, öwüt-nesihat bermek bilen çäklenmän, eýsem, olarda adamkärçilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly duýgulary hem terbiýelemelidirler. Şol duýgulary terbiýelemek üçin hem ýaşlara hormat goýmaly, olaryň pikirini diňlemeli, maslahatlaşmaly, edil uly adama sala salnyşy ýaly geňeşip, olaryň göwnüni tapmaga synanyşmaly.

Kümüş ÝULDAŞOWA
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy