Medeniýet — dostluk köprüsi

1 Fewral 2024
299

Ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň, müňýyllyklaryň dowamynda uly ähmiýete eýe bolan öwrülişikleriň bolup geçen merkezleriniň biridir. Bulary güneşli Diýarymyzyň baý medeni mirasynyň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmak bilen, oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Bazargeldi ÝAZMYRADOW,
Daşoguz şäher kazyýetiniň başlygy.