Ýüzi nurly, kalby sazly

2 Fewral 2024
416

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly döredijilik adamlarynyň ylhamyna ylham goşýar. Akyldar şahyryň diwanyny gije-gündiz ýanyndan aýyrman, ondaky goşgulardan ylham alýan Mämmetsapar Toýlyýew hem şeýle adamlaryň biri. Çünki Magtymguly şahyrymyzyň ady bilen baglanyşykly ýylymyz ony täze-täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere atarýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bäş bölümden ybarat bolan «Pyragynyň köňül yşky» diýen romanslar toplumyny döreden kompozitor mydama döredijiligiň dünýäsinde ýaşaýar. Gyzykly gürrüňdeşliklerde gijäniň ýary oýanyp, şahyryň goşgularyny okap, owazlar dünýäsine gark bolýandygyny aýdyp berýär. Onuň «Beýik Pyragy hem Gahryman Arkadagym» diýen hor üçin döreden eseri uly sahnalarda ýaňlanýar. Ussat halypanyň geçen ýylda, fagot we simfoniki orkestr üçin ýazan «Magtymguly Pyragy» atly üç bölümden ybarat konserti bolsa saz älemine täze röwüş çaýdy. Döwrüň sesine ses goşup ýaşaýan, döredýän Mämmetsapar aga şu günler hem Magtymguly şahyryň sözlerine täze simfoniýalaryň, romanslaryň, şeýle hem «Aýa döndi» atly romansyň üstünde işleýär. Olaryň ussadyň öňki saz eserleri ýaly şowly çykjakdygyna ynanýarys. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň paýhasa ýugrulan goşgusyndan gözbaş alyp gaýdýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz her bir adamyň ýüregini joşa getirip, täze sungat eserleriniň döremegine ýol açýar.

Iş otagymda, köplenç, ümsüm işläp oturmam bar. Şeýle pursatlaryň birinde ol gapydan girdi. Men ony golaýdan tanamasam hem köp görýän ýüzümdi. Özi bilen tanyş etse, derrew tanaryn diýen pikir bilen, zöwwe ýerimden galdym. «Salam!» diýenimden, ol sypaýyçylyk bilen «otur, otur!» diýen manyda yşarat etdi. Bu onuň pespäl adamdygynyň ilkinji alamatydy.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».